Russiýanyň çempionaty «Premýer Ligada» taryhy rekord goýuldy. Ahyrlap barýan çempionatyň 24-nji tapgyrynda eminler 10 gezek penalti nokadyny görkezdiler. Bu görkeziji rekorda deň bolup, ondan öň 2005-nji 21-nji tapgyrda 9 sapar penalti urgusy bellenilipdi.
Eminler 24-nji tapgyryň çäginde «Himki» – «Torpeda» (4-2), «Fakel» – «Orenburg» (1-3) duşuşyklarynda 3, şeýle-de, «Zenit» – «Dinamo» (3-1), «Ural» – «Rostow» (1-3), «Pari NN» – «Krylýa Sowetow» (2-1) hem-de düýn oýnalan «Spartak» – «Krasnodar» (4-3) duşuşyklarynda-da 1 gezek penalti urgusyny bellediler.
«Mir» RPL-de şu möwsümde eminlerden Wladislaw Bezborodow 18 oýunda 11 gezek penalti urgusyny belläp, bu babatda öňdeligi eýeleýär. Pawel Şadyhanow bolsa 12 oýunda 8 gezek ak nokady görkezdi.