Daşkent-Stambul aralygyndaky gatnawy amala aşyrýan Özbegistan howa ýollaryna degişli uçardaky ýolagçylaryň biri oglan bäbejigi dünýä inderdi. Uçar Türkiýäniň howa giňişligine girenden soňra Gyrgyzystanyň raýaty, 27 ýaşly Sitora Abdumanapowa atly ýolagçynyň burgusy tutup başlady. Bu ýagdaýy eşidenden soňra howa gämisiniň serkerdesi ýolagçylaryň arasynda lukmanyň bardygyny ýa-da ýokdugyny sorady. Soňra bolsa, uçaryň ekipažy ýolagçynyň dogrum wagtynyň gelendigini anyklady. Göwreli zenan uçar kabinasynda amatly ýere geçirilip, ekipažyň kömek bermeginde oglan bäbejigi dünýä inderdi.
Soňra bolsa, howa gämisiniň serkerdesi Stambulyň aeroporty bilen habarlaşyp, uçarda bäbegiň dünýä inendigini we saglygy goraýyş işgärleriniň taýýar bolmaklaryny sorady.
Agşam 20:15-de aeroporta gonan uçardaky ýaş ene hem-de bäbegi hassahana äkidildi. Bäbegiň 28 hepdeliginde dünýä inendigi we enäniň hem-de bäbeginiň saglyk ýagdaýynyň kadalydygy mälim edildi.