Ýewropanyň 16 maliýe edarasy geljek ýyldan başlap, täze töleg ulgamyny işe girizmegi meýilleşdirýär. Ýewropa töleg inisiýatiwasynyň (EPI) ýaýradan beýanatynda Ýewropada banklaryň öz töleg hyzmatlaryny ýola goýmak üçin durmuşa geçirýän başlangyçlaryna goldaw berilýändigi bellenildi.
Beýanatda Niderlandlaryň «ABN Amro» hem-de «Rabobank» maliýe edaralarynyň bu başlangyja gatnaşýandygy bellenilip, töleg hyzmatlarynyň ýylyň ahyryna çenli Fransiýada we Germaniýada synag maksady bilen ýola goýuljakdygy mälim edildi. 2024-nji ýyldan başlap bolsa beýleki ülkelerde hem bu töleg ulgamy işe giriziler.
EPI-niň paýdarlarynyň arasynda BFCM, «BNP Paribas», BPCE, «Credit Agricole», «Deutsche Bank», DSGV, ING, KBC, «La Banque Postale», «Nexi», «Societe Generale» we «Worldline» ýaly maliýe edaralary bar.
Täze töleg ulgamynyň Ýewropada giňden ýaýran «Visa» we «Mastercard» töleg ulgamlaryna bäsdeş boljakdygy aýdylýar.
Nurýagdy AÝNAZAROW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.