Yl­my-bar­lag to­pa­ry Ek­wa­do­ryň Ga­la­pa­gos ada­la­ry­nyň go­la­ýyn­da baý ekoul­ga­my bo­lan, mun­dan ozal bi­lim dün­ýä­si­ne mä­lim bol­ma­dyk mer­jen ri­fi­niň üs­tün­den bar­dy­lar. Ek­wa­dor­da 1998-nji ýyl­da de­ňiz çä­gi go­rag as­ty­na al­nyp­dyr. Şon­dan bä­ri dür­li yl­my iş­ler ge­çi­ri­len hem bol­sa, hä­zi­re çen­li şeý­le açyş edil­män­dir. Ýur­duň Daş­ky gur­şaw mi­nistr­li­giniň wekilleri tä­ze ta­py­lan ekoul­ga­myň su­wuň 400-600 metr çuň­lu­gyn­da, ada­la­ryň or­ta bö­le­gin­de, mun­dan ozal kar­ta­sy taý­ýar­lan­ma­dyk su­was­ty da­gyň de­pe­sin­de­di­gi­ni mä­lim et­diler. Mi­nistr­ligiň wekilleri tä­ze ta­py­lan ri­fiň su­wuň go­ral­ýan çä­gin­de mer­jen­le­riň asyr­la­ryň do­wa­myn­da ýa­şa­ýan­dy­gy­nyň hem-de baý, köp­dür­li we de­ňiz jan­dar­la­ry­nyň ýa­şa­ma­gy­na go­şant goş­ýan­dy­gy­nyň ala­ma­ty­dy­gy­ny aýd­ýarlar.

Ogul­şe­ker BEG­HA­NO­WA,
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy.