Adam­la­ryň kö­pü­si sy­ýa­hat et­me­gi, owa­dan ýer­ler­de dynç al­ma­gy go­wy gör­ýär­ler. Kä­bi­ri bol­sa, sy­ýa­hat ed­ýän ýe­ri­niň ta­ry­hy we mil­li gym­mat­lyk­la­ry bi­len ýa­kyn­dan ta­nyş­ma­gy ha­la­ýar. Eger-de sy­ýa­hat et­me­gi ha­la­ýan bol­sa­ňyz, on­da bi­ri­ni saý­laň. Si­zi iň köp sy­ýa­hat edi­len ýer­ler bi­len ta­nyş­dyr­ýa­rys!

Täç­ma­hal, Hin­dis­tan. Dün­ýä­niň meş­hur bi­na­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Täç­ma­hal aram­gä­hi­niň be­ýik­li­gi 58 metr, ini 56 metr bo­lup, 1631-nji ýyl­da Mum­taz Ma­hal üçin gu­rul­ýar. Şah Ja­ha­nyň gur­du­ran bu yba­dat­ha­na­sy söý­gi­niň ny­şa­ny ha­sap­lan­ýar. Ag­ra şä­he­rin­de ýer­leş­ýän Täç­ma­hal aram­gä­hine her ýyl, tak­my­nan, 2,5 mil­li­on sy­ýa­hat­çy barýar.
Gi­za pi­ra­mi­da­la­ry, Mü­sür. Mü­sü­re bar­ýan sy­ýa­hat­çy­lar Gi­za pi­ra­mi­da­la­ry­ny ýa­kyn­dan syn­la­mak üçin sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýar­lar. Ga­dy­my mü­sür­li­le­riň bu ýa­dy­gär­li­gi tä­sin gur­lu­şa eýe bo­lup, adam­zat ta­ry­hy­nyň iň meş­hur bi­na­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Pi­ra­mi­da­lar
1979-njy ýyl­dan bä­ri Bü­tin­dün­ýä me­de­ni mi­ra­sy­nyň bir bö­le­gi bo­lup, 7 tä­sin­li­giň bi­ri­dir. Gi­za pi­ra­mi­da­la­ry­na her ýyl 3 mil­li­on tö­we­re­gi ja­han­keş­de bar­ýar.
Al­hamb­ra, Gra­na­da. Al­hamb­ra Gün­do­ga­ryň bi­na­gär­lik ähe­ňin­de gur­lan iň owa­dan bi­na­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Al­hamb­ra şä­her ga­la­sy Is­pa­ni­ýa­nyň Gra­na­da şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da ýer­leş­ýär. 1984-nji ýyl­da Bü­tin­dün­ýä me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wyn­da orun alan bu ga­la­nyň uzyn­ly­gy 720 metr, ini 220 metr bo­lup, dün­ýä­dä­ki iň uly ga­la­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Is­pa­ni­ýa­nyň iň köp sy­ýa­hat edil­ýän ýe­ri bo­lan Al­hamb­ra her ýyl 3 mil­li­on syýahatçy bar­ýar.
Sid­neý ope­ra te­at­ry, Awst­ra­li­ýa. Sid­neý ope­ra te­at­ry Aýers Rok de­pe­si ýa­ly Awst­ra­li­ýa­nyň iň meş­hur ýer­le­ri­niň bi­ri­dir. Ope­ra te­at­ry 2007-nji ýyl­da Bü­tin­dün­ýä me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­ýär. To­ma­şa meý­dan­ça­sy­na her ýyl 9 mil­li­on tö­we­re­gi sy­ýa­hat­çy bar­ýar.
Not­r-Da­m yba­dat­ha­na­sy, Pa­riž. Pa­ri­žiň meş­hur ny­şan­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Not­r-Da­m yba­dat­ha­na­syna her ýyl 12 mil­li­on ja­han­keş­de barýar. Esa­san, wa­gyz iş­le­ri ge­çi­ril­ýän bu ýer­de heý­kel­le­ri, ba­rok me­de­ni­ýe­ti­niň yz­la­ry­ny gör­mek bol­ýar.
Ko­li­zeý, Rim. Bu bi­na ga­dy­my dö­wür­ler­de gur­lan iň uly am­fi­teatr­dyr. Bi­ziň era­my­zyň 72-80-nji ýyl­la­ryn­da gur­lan bu sport meý­dan­ça­syn­da ba­şa-baş sö­weş­ler ge­çi­ri­lip­dir. Ko­li­zeý binasyna her ýyl 6 mil­li­on sy­ýa­hat­çy bar­ýar.
Uly Kan­ýon mil­li se­ýil­gä­hi, Ari­zo­na. Sy­ýa­hat­çy­lyk ýerleriniň sa­naw­y­ny Uly Kan­ýon­syz göz öňü­ne ge­ti­rip bol­maz. Ko­lo­ra­do der­ýa­sy­nyň akyp geç­ýän ug­run­da ýer­leş­ýän bu se­ýil­gäh te­bi­gat­da­ky iň owa­dan sun­gat eser­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Bu ýe­re her ýyl 5 mil­li­on sy­ýa­hat­çy bar­ýar.