Ýe­ter­lik de­re­je­de dynç alyn­ma­sa, bu gün­de­lik işi­mi­ze gö­nü­den-gö­ni tä­sir ed­ýär. Dynç al­mak üçin bol­sa wagt­ly-wag­tyn­da ýe­ter­lik de­re­je­de uk­la­mak ze­rur­dyr. Ka­da­ly uky di­ňe fi­zi­ki däl, eý­sem, ru­hy sag­ly­gy­my­za hem tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Eý­sem, ka­da­ly uk­la­mak üçin nä­me et­me­li?
Hä­zi­re çen­li ge­çi­ri­len bar­lag­la­ryň ne­ti­je­sin­de her bir ada­myň her gün­ or­ta­ça 7 sa­gat uk­la­ma­gy­nyň ze­rur­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Ka­da­syz uky dür­li nä­hoş­luk­la­ra ge­ti­rip bil­ýär. Ra­hat uk­la­mak üçin bel­li gün ter­ti­bi­ne gö­rä he­re­ket edil­me­li­di­gi bel­le­nil­ýär. Gün­de­lik edil­me­li iş­ler, ýa­tyl­ýan we turul­ýan wagt bel­li bo­lan­da, be­den şo­ňa çalt uý­gun­laş­ýar. Luk­man­lar be­de­niň ter­tip-düz­gü­ni ha­la­ýan­dy­gy­na ün­si çek­ýärler.
Ka­da­ly uky üçin ge­rek­li şert­le­riň hem dö­re­dil­me­gi ze­rur­dyr. Ýa­tyl­ýan ota­gyň ga­raň­ky, per­de­si ýa­pyk, ses­siz we ka­da­ly tem­pe­ra­tu­ra­da bol­ma­gy ze­rur­dyr.

Mag­sat BE­KE­ŞOW,
On­ko­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­ke­zi­niň bö­lüm mü­di­ri.