Deňiz kenarlary diňe suwa düşmek üçin däl, dürli tebigy gözelliklere syn etmek üçin hem köp barylýan ýerler hasaplanýar. Suwa düşmek üçin köp barylýan deňiz kenarlarynda tebigata zeper ýetip bilýär. Şol sebäpli käbir ýerlerde syýahatçylaryň barmagyna çäklendirme girizilýär. Bilermenler Ýewropanyň iň gowy deňiz kenarlarynyň sanawyny ýaýratdy. Sanawdaky deňiz kenarlary tebigy gözellikleri bilen göreni özüne bendi edýär. Ine, olaryň käbiri:
Alban Riwýerasy. Albaniýa entek Ýewropanyň esasy syýahatçylyk merkezi hasaplanmaýar. Şeýle-de bolsa, Adriýatik we Ion deňizleriniň arasynda ýerleşýän bu ýurduň altynsow çägeli deňiz kenarlary we arça agaçlary göreni haýrana goýýar. Ýurduň 450 kilometrlik deňiz kenary bar. Wlýora bilen Saranda şäherleriniň aralygyna bolsa Alban Riwýerasy diýilýär. Saranda şäherine Gresiýanyň Korfu adasyndan gaýykly hem baryp bolýar.
Bolgar kenarlary. Ýurduň Gara deňziniň kenarlary tebigy gözelliklere diýseň baý. Syýahatçylyk babatda meşhurlyk gazanan Obzor şäheri deňze golaý ýerleşýär. Bu ýere Burgas aeroportyndan 1 sagatda baryp bolýar.
Poreç. Horwatiýanyň günbataryndaky bu şäher taryhy ýadygärlikleri bilen hem syýahatçylary özüne çekýär. Şäherde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy ýadygärlikleriň bolmagy bu ýeriň ähmiýetini artdyrýar. Deňiz kenaryndan uzakda bolmadyk Sweti Nikola adasyna gaýykly geçip bolýar.
Montpelýe. Bu fransuz şäheriniň golaýynda ýurduň iň gowy deňiz kenarlarynyň birini görmek bolýar. Deňiz tolkunlarynyň kenara alyp gelen gyrmançalary bu ýerde uly bolmadyk çägeligi emele getiripdir. Çöli ýatladýan bu kenary görenler özüni Ýewropada däl-de, Afrikada ýaly duýýarlar. Bu ýerde hiç hili gurluşyk etmäge rugsat edilmeýär. Şol sebäpli bu ýerde diňe maýakdan başga bina ýok.
Mani ýarymadasy. Gresiýanyň ähli ýeri diýen ýaly tebigy gözellikleri bilen tapawutlanyp, syýahatçylar üçin uly mümkinçilikleri hödürleýär. Ýurduň Mani ýarym adasynda arheologik gazuw-agtaryş işleriniň geçirilýän ýerlerini, mawy reňki bilen tapawutlanýan aýlaglary görmek bolýar. Bu ýerde diňe güneşli deňiz kenary däl, eýsem, tebigatyň jümmüşinde ýöremek üçin ýodalar hem bar.
Lipari adalary. Italiýa degişli bolan Sisiliýa adasynyň golaýyndaky Lipari adalary ak çägeli kenarlary bilen tapawutlanýar. Tiren deňzindäki Wulkano adalary ak däl-de, gara çägeli kenary bilen haýran galdyrýar. Bu çägelikler wulkanlaryň atylmagy netijesinde çykan läbiklerden emele gelipdir. Sisiliýadan gaýykly baryp bolýan adadaky ýyly palçykly ýer hem syýahatçylary özüne çekýär.
Emerald adasy. Deňiz syýahatçylygy diýlende, Irlandiýa iň gowy ýurtlaryň biri hasaplanýar. Emerald adasynyň birnäçe kilometre uzap gidýän kenarlary bolsa, suwa düşmek üçin amatly tebigy şertleri döredýär. Donegal graflygyndaky Kinnago aýlagy bolsa kenaryň iň gowy ýerleriniň biri hasaplanýar.
Derýa kenarynyň gözelligi. Syýahatçylyk diýlende, adatça deňiz kenary göz öňüne gelýän hem bolsa, derýalaryň kenarlary hem tebigy gözellikleri bilen dynç almaga mümkinçilik döredýär. Dunaý derýasynyň Rumyniýanyň içinden geçýän böleginde göçegçi guşlaryň düşleýän ýeri köp. Derýanyň Gara deňze guýýan ýerine golaý bolan batgalyklar guşlara syn etmegi halaýanlary özüne çekýär. Ýewropanyň iň uly batgalygy hasaplanýan bu ýerde ýabany tebigatyň köpdürlüligini görmek bolýar. Bu ýerdäki ak çägeli giň köller hem köpleri özüne çekýär.