Şu gije 23:30-da “Al Hilal” (Saud Arabystany) bilen “Urawa Red Daýmonds” (Ýaponiýa) AFK Çempionlar Ligasynyň arasyndaky final duşuşygynyň 1-nji oýny Er-Riýaddaky Şa Fahd halkara stadionynda oýnalar (jogap oýny 6-njy maýda Saitamada geçiriler).

Germaniýanyň çempionaty “Bundesligada” 30-njy tapgyryň açylyş duşuşygynda sanawyň lideri “Borussiýa Dortmund” myhmançylykda “Bohum” bilen 1-1 deňme-deň oýnap, çempionlyk ýolunda zerur bolan 2 utugy ýitirdi (Antoni Losilla 5 – Karim Adeýemi 7).

Şu gije Fransiýanyň Kubogy ýaryşynyň finalynda kubogyň häzirki eýesi “Nant” bilen “Tuluza” duşuşar we “Stad de Frans”-da geçiriljek duşuşyk 00:00-da başlar.

NBA-da pleý-offuň 1-nji tapgyrynyň 6-njy duşuşygynda öz meýdançasynda “Memfis Grizzlisi” 125:85 hasabynda ýeňen “Los Anjeles Leýkers”, umumy hasapda 4:1 öňe saýlandy we ýarym finala çykdy (Ýarym finalda “Sakramento Kings” ýa-da “Golden Steýt Warrior” bilen duşuşar).

“LA Leýkers” – “Memfis Grizzlis” duşuşygynda 21 utuk geçiren super ýyldyz LeBron Jeýms 40-njy gezek pleý-off seriýasynda ýeňiş gazanyp, Derek Fişeriň rekordyna şärik boldy we bu ugurda NBA-nyň iň köp pleý-off seriýasynda ýeňiş gazanan 2 basketbolçysynyň biri hökmünde hasaba alyndy.

Saud Arabystanynyň çempionatynda Kristiano Ronaldonyň çykyş edýän topary “Al-Nassr” kluby öz meýdançasynda “Al-Raedu” toparyndan 4-0 üstün çykdy we duşuşygyň 4-nji minutynda Ronaldo ilkinji bolup hasaby açdy.

Mançester Ýunaýted topary argentinaly 18 ýaşyndaky oýunçysy Alehandro Gornaço bilen bar bolan şertnamasynyň möhletini 2028-nji ýylyň tomsuna çenli uzaltdy.