Şu gün Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde «Merkezi Aziýa – Hytaý» sammiti öz işine başlady. Bu halkara möhüm duşuşyga Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Baştutanlary bardylar.
Hormatly Prezidentimiz «Merkezi Aziýa – Hytaý» sammitine gatnaşmagy ýurdumyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerinde jogapkärli, işjeň, başlangyçly orny eýeleýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Sebit we dünýä derejesindäki oňyn gatnaşyklara hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýan Bitarap Türkmenistan mundan beýläk-de özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegine, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine, döwletleriň we halklaryň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine mynasyp goşant goşmaga meýillidir.
Forumy geçirmek üçin Sian şäheriniň saýlanyp alynmagynda çuňňur many bar. HHR-iň bu iri senagat, işewürlik, medeni we bilim merkezi gadymy döwürlerde söwda kerwenleriniň ugraýan başlangyç ýeri bolupdyr. Ondan ugraýan kerwenler Beýik Ýüpek ýoly bilen Merkezi Aziýanyň çäginden geçip, Hytaýy we sebitiň beýleki döwletlerini baglanyşdyrypdyrlar. Şunda Sian bilen Mary şäheriniň doganlyk şäherlerdigini bellemek gerek.
Häzirki günde Türkmenistan we Hytaý özara düşünişmegiň hem-de ynanyşmagyň ýokary derejesini gazandylar. Taraplaryň hoşniýetli erki esasynda iki döwletiň we olaryň halklarynyň özara ýakynlaşmagy onýyllyklary nazarlaýan dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň binýadynyň pugtalandyrylmagyna itergi berýär.
Sammitiň dowamynda hormatly Prezidentimiz çykyş eder.