Nigeriýada adaty bolmadyk dünýä rekordy goýuldy. 17 ýaşly Filip Solomon ýarym minutyň içinde towsulýan ýüpde 153 gezek bir aýagynda bökmegiň hötdesinden geldi. Onuň wideo ýazgysy jemgyýetçilik torlarynda peýda boldy.
Bu üstünlik Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Solomon sekiz gezek artyk bökmek bilen öňki rekordy täzeledi. Ozalky rekordy Bangladeşiň ýaşaýjysy Russel Islam iki ýyl ozal goýupdy. Bu barada AFP habar gullugynyň habar berýär.