2023-nji ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­de Du­ba­ýyň myh­man­ha­na­la­ryn­da azyn­dan bir gü­nü­ni ge­çi­ren da­şa­ry ýurt­ly sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny 4,67 mil­lio­na deň bol­dy. Bu gör­ke­zi­ji 2022-nji ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de 17% ýo­ka­ry bo­lup, şol dö­wür­de 3,97 mil­li­on adam emir­li­ge ba­ryp gör­di we pan­de­mi­ýa­dan soň bi­rin­ji çär­ýek­de iň go­wy ne­ti­je bol­dy. Bu ba­ra­da Du­ba­ýyň Yk­dy­sa­dy­ýet we sy­ýa­hat­çy­lyk De­par­ta­men­ti ha­bar ber­ýär.
“2023-nji ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­de da­şa­ry ýurt­lar­dan gel­ýän sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny­nyň ep-es­li art­ma­gy Du­ba­ýyň dün­ýä sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­nyň di­kel­me­gin­de alyp bar­ýan esa­sy iş­le­ri­niň bi­ri hök­mün­de de­re­je­si­ne şa­ýat­lyk ed­ýär”. Bu ba­ra­da Du­ba­ýyň mi­ras­dü­şer şa­za­da­sy we Du­ba­ýyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Ham­dan bin Mu­ham­met bin Ra­şid Al Mak­tum mä­lim et­di.
– Sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy di­ňe bir ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň mö­hüm sü­tü­ni bol­man, eý­sem, Du­ba­ýyň ba­zar­lar, me­de­ni­ýet­ler we se­bit­ler ara­syn­da köp­ri hök­mün­de or­nu­ny ber­kit­mek­de mö­hüm rol oý­na­ýar. Du­baý ýa­kyn ýyl­lar­da sy­ýa­hat­çy­lar üçin aja­ýyp müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip, ýa­şa­mak, sy­ýa­hat et­mek, iş­le­mek we ma­ýa goý­mak üçin dün­ýä­niň iň oňat ýe­ri­ne öw­rül­mä­ge ta­gal­la eder – di­ýip, Ham­dan bin Mu­ham­met bin Ra­şid Al Mak­tum aýt­dy.
BAE-nyň wi­se-pre­zi­den­ti we Prem­ýer-mi­nist­ri we Du­ba­ýyň hä­ki­mi Şeýh Mu­ham­met bin Re­şid Al Mak­tum ta­ra­pyn­dan ýa­ňy-ýa­kyn­da hö­dür­le­nen Du­ba­ýyň yk­dy­sa­dy mak­sat­na­ma­sy şä­he­riň dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne goş­ýan go­şan­dy­ny art­dyr­mak üçin tä­ze mak­sat­la­ry öň­de goý­ýar.
Go­laý­da gu­ra­lan “Ara­bi­an Travel Mar­ket” ser­gi­si ýur­duň sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­da ga­za­nan ne­ti­je­le­ri­ni gör­ke­zip, Du­ba­ýy bu ugur­da dün­ýä­niň iň çalt ös­ýän ýe­ri hök­mün­de dün­ýä ta­nat­dy. 2023-nji ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­de Emir­lik pan­de­mi­ýa­dan öň­ki sy­ýa­hat­çy­la­ry­nyň 98%-ine ýet­di. Hä­zir­ki wagt­da Du­ba­ýyň işe­wür sy­ýa­hat­çy­lyk, biz­nes we dynç alyş pu­da­gyn­da­ky ge­çir­ýän çä­re­le­ri­ne has köp myh­man gel­ýär.