Ga­za­gys­ta­nyň hö­kü­me­ti Ho­ja Ah­med Ýa­sa­wy­nyň aram­gä­hi­niň ýag­da­ýy­ny öw­ren­mek üçin 300 mil­li­on­dan gow­rak ten­ge bö­lüp ber­di. “Ka­zin­form”-yň ha­ba­ry­na gö­rä, bu ba­ra­da Res­pub­li­ka­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry Al­taý Kul­gi­now ta­ra­pyn­dan mä­lim edil­di.

-Hä­zir­ki wagt­da Ho­ja Ah­med Ýa­sa­wy­nyň aram­gä­hin­dä­ki çyg­ly­ly­gyň ýag­da­ýy­ny öw­ren­mek bo­ýun­ça iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. 2022-nji ýyl­da aram­gä­hiň her bö­le­gin­de onuň tem­pe­ra­tu­ra­sy­na, çyg­ly­ly­gy­na we di­war­la­ryň jaý­ryl­ma­gy­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän gö­zeg­çi­lik ul­ga­my otur­dyl­dy. De­giş­li mi­nistr­lik­le­riň yg­ty­ýa­ryn­da­ky yl­my bar­lag ins­ti­tut­la­ry Tür­küs­tan şä­he­ri­ne ba­ryp, ýe­ras­ty, ýe­rüs­ti (su­wa­ryş, eme­li) suw­la­ryň aram­gä­he ed­ýän tä­si­ri ba­ra­da des­lap­ky göz­leg-bar­lag iş­le­ri­ni ge­çir­di – di­ýip Kul­gi­now bel­le­di. Kul­gi­no­wyň aýt­ma­gy­na gö­rä, aram­gä­hiň di­war­la­ryn­dan ker­piç, sta­lak­tit we çä­ge ga­ryn­dy­sy­nyň fi­zi­ki-hi­mi­ki we fi­zi­ki-me­ha­ni­ki aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny kes­git­le­mek üçin la­bo­ra­to­ri­ýa bar­lag­la­ry ge­çi­ril­di.

Al­taý Kul­gi­now şu ýyl aram­gä­hiň ýag­da­ýy­ny öw­ren­mä­ge yl­my gu­ra­ma­la­ryň bir­nä­çe­si­niň gat­naş­jak­dy­gy­ny aýt­dy. “2022-2024-nji ýyl­lar üçin top­lum­la­ýyn me­ýil­na­ma iş­le­nip dü­zül­di. Bu me­ýil­na­ma­nyň çä­gin­de 2023-nji ýyl­da dür­li yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ry ta­ra­pyn­dan aram­gä­hiň ýag­da­ýy­ny öw­ren­mek bo­ýun­ça iş­ler al­nyp ba­ry­lar. Aram­gäh 40 metr be­ýik­lik­dä­ki 35 otag­ly bi­na­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, uly göw­rüm­li bi­na­nyň teh­ni­ki ýag­da­ýy­ny sak­la­mak üçin her ýyl ýur­duň býu­je­tin­den ma­li­ýe se­riş­de­le­ri bö­lü­nip be­ril­ýär – di­ýip Kul­gi­now aýt­dy.

Ho­ja Ah­med Ýa­sa­wy (1103-1166) Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň meş­hur fi­lo­so­fy, şa­hy­ry. Ol eser­le­ri­ni ga­ra­han­ly­lar-uý­gur di­lin­de ýa­zyp­dyr. Ol “Hik­metler” goş­gu­lar ýy­gyn­dy­sy bi­len giň­den ta­nal­ýar. Ol su­fizm mek­de­bi­ni esas­lan­dy­ryp, köp san­ly şä­girt­le­ri ýe­tiş­di­rip, ys­la­myň Mer­ke­zi Azi­ýa­da ýaý­ra­ma­gyn­da mö­hüm rol oý­nap­dyr. Ho­ja Ah­med Ýa­sa­wy ara­dan çy­kan­dan 233 ýyl soň, Teý­mir­le­ňiň buý­ru­gy bi­len Ýas­sy şä­he­rin­de (Tür­küs­tan) Ah­med Ýa­sa­wy­nyň aram­gä­hi gur­lup, se­bit­dä­ki mu­sul­man­la­ryň zy­ýa­rat ed­ýän ýe­ri­ne öw­rü­lip­dir.