Ýurdumyza Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyndan (ÝUNESKO) hoş habar gelip gowuşdy. Şu ýylyň 10 – 24-nji maýy aralygynda bu düzümiň Pariž şäherindäki ştab-kwartirasynda ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny bu guramanyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek hakyndaky çözgüt biragyzdan kabul edildi.
Şeýle hem mejlisde ÝUNESKO agza döwletleriň 2024-2025-nji ýyllarda şanly seneleriň 46-synyň baýramçylyk dabaralaryna bu halkara düzümiň gatnaşmagy bilen baglanyşykly teklip goldanyldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Azerbaýjanyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Ukrainanyň goldaw bermeginde ÝUNESKO-nyň Şanly seneler sanawyna türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramçylygyny goşmak hakyndaky teklip hem bar. Ýeri gelende bellesek, bu sanawa Türkmenistanyň beýleki ýurtlar bilen bilelikde teklip eden we goldaýan aşakdaky teklipleri hem girizildi:
- Leksikograf we filolog Mahmud al-Kaşgari (Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkmenistan, Türkiýe we Özbegistan bilen bilelikde “Divan lugat at-turk” (“Türk şiweleriniň ýygyndysy”) (1074) kitabynyň ýazylmagynyň 950 ýyllygy Wengriýanyň, Mawritaniýanyň, Marokkanyň, Kataryň we Täjigistanyň goldawy);
- Binagär Ajami Nakhiwaniniň doglan gününiň 900 ýyllygy (1125 – XII asyryň ahyry) (Türkiýe we Türkmenistan goldawy bilen Azerbaýjan);
- Emir Unsura-al-Meali Keýkowus ibn-Iskender ibn-Kabus ibn-Wuşmagiriň (Ermenistan, Täjigistan we Türkmenistan goldawy bilen Eýran Yslam Respublikasy) doglan gününiň 1000 ýyllygy;
- Şahyr Parwina Etesaminiň (1907-1941) işjeň durmuşynyň 100 ýyllygy (Täjigistan we Türkmenistan goldawy bilen Eýran Yslam Respublikasy);
Bu çözgütler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän medeni diplomatiýanyň, şol sanda görnükli nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň umumadamzat medeni hazynasynyň aýrylmaz bölegi hasaplanýan gymmatly mirasyny saklamak, öwrenmek we wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr.
ÝUNESKO-nyň 1992-nji ýylda döredilen “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasy dünýä ýurtlarynyň we halklarynyň gadymy ýazuw ýadygärliklerini — kagyz ýüzünde bolşy ýaly, ses ýazgysynda, sanly ulgamda we beýleki görnüşde ägirt uly gymmatlygy bolan resminamalar toplumyny gorap saklamak bilen bagly halkara taslama bolup durýar. Maksatnama medeni mirasy giň okyjylar toplumyna hödürlemegi maksat edinýär.
Şu ýyl Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzalygyna kabul edilmegine 30 ýyl dolýar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işlerini hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli dowam etdirmegi netijesinde, Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleri, şol sanda ÝUNESKO bilen gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk boýunça ägirt uly tejribe toplanyp, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary taryhy mirasy gorap saklamak babatda ägirt uly işleri alyp barýar. Geçen ýyl Türkmenistanyň wekiliýeti TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisine gatnaşdy. Şol ýerde görnükli şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly” diýip yglan etmek hakyndaky çözgüt biragyzdan kabul edildi. Şeýlelikde, beýik türkmen şahyry hem-de akyldary Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi we Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň ÝUNESKO-nyň Şanly seneleriniň sanawynda orun almagy beýik söz ussadynyň gymmatly mirasy bilen türkmen halkynyň dünýä medeniýetine ägirt uly goşant goşandygynyň aýdyň beýanydyr.