Gadymy Rimiň taryhy mirasyny gorap saklamak taslamasynyň çäginde arheologlar täze tapyndylaryň üstünden bardylar. Pompeide işleýän arheologlar miladynyň 79-njy ýylynda bolup geçen Wezuwiýa partlamasynyň pidalaryny ýüze çykardylar. Golaýda Pompei arheologik parky bu möhüm tapyndy barada resmi habar ýaýratdy. Şeýle hem bu ýerde geçirilýän gazuw-agtaryş işlerinde iki sany ajaýyp fresk bilen bezelen diwar ýüze çykaryldy. Olaryň birinde deňiz hudaýy Poseýdon we onuň hemrasy Amimona şekillendirilýär, beýlekisinde bolsa, Apollon we Dafna suratlandyrylýar. Bu tapyndylar Pompeiniň “Regio IX” ady bilen tanalýan söwda sebitinden tapyldy. Bu sebitde gazuw-agtaryş işleri 1888-nji ýylda başlansa-da, bir asyrdan gowrak wagt bäri togtadyldy.
Pompei şäheri biziň eýýamymyzyň 79-njy ýylynda tutuşlygyna diýen ýaly Wezuwiýa wulkanynyň astynda galýar. Arheologik ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak maksady bilen 2012-nji ýylda işe girizilen “The Great Pompeii Project” taslamasyndan soň täze açyşlar edildi. Gazuw-agtaryş işleri we ýadygärlikleri gorap saklamak maksady bilen 100 million ýewrodan gowrak serişde bölünip berildi. Italiýanyň Medeniýet ministrligi bu taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini habar berdi.
Rim sungatynyň ýadygärliklerini abatlaýjylaryň tagallasy bilen Pompeidäki binalar ikinji ömrüne eýe bolýarlar. Miladydan 6 asyr öň esaslandyrylan, Italiýanyň çäklerindäki gadymy şäher Pompeiniň galyndylary häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýär. 1748-nji ýylda başlan gazuw-agtaryş işleri häzirki günlere çenli dowam edip, şäheriň syrlarynyň 80 göterime golaýynyň üsti açyldy.
Italiýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň gadymy Pompei şäherini gaýtadan dikeltmek boýunça bilelikdäki maksatnamasy doly güýjünde dowam etdirilýär. Häziriki wagtda jahankeşdeleriň bu ýere gelip görmekleri üçin abatlanan ymaratlaryň sany barha artýar. Özboluşly ýagtylandyryş ulgamy arkaly, bu gadymy şähere gijelerine hem tomaşa edip bolýar. Ýagtylygyň täsiri bilen gadymy şäher has syrly görnüşe eýe bolýar. Guramaçylar ähli gelmäge isleg bildirýänler üçin bu gadymy Rim şäheriniň gömülmezden ozal, 79-njy ýyldakysy ýaly göz öňüne getirip bilmekleri üçin aýratyn ulgam işläp düzüpdirler.