Ýewropada möwsümi 3 kubok bilen tamamlan «Mançester Sitiniň» gazanan çempionlyklaryndan näçe baýrak alandygy mälim edildi. Ýewropada 10-njy gezek bir klub möwsümi 3 esasy kubok (Milli çempionatyň çempionlygy, ýurduň kubogy, Çempionlar Ligasynyň çempionlygy) bilen tamamlap, «Mançester Siti» bu başarnygy gaýtalan 8-nji klub boldy («Barselona» bilen «Bawariýa» 2 gezek gaýtalady). Pep Guardiolanyň tälim berýän klubunyň gazanan 3 kubogynyň pul baýragy-da az bolmady. «Mançester Siti» şol taryhy 3 kubokdan jemi 294 million funt sterling pul baýragyny gazandy. Şäherliler Angliýanyň «Premier Ligasynda» gazanan çempionlygy üçin 180 million funt sterling, Çempionlar Ligasynyň çempionlygyndanam umumylykda 110 million funt sterling, Angliýanyň Kubogy – FA Kubogynyň ýeňşinden hem 4 million funt sterling pul baýragyna mynasyp boldy.

Klub geçen möwsümde umumylykda 613 million funt sterling girdeji, 41,7 million funt sterlingem sap girdeji gazanypdy. Bu möwsümde bu görkezijileriň has-da artmagyna garaşylýar.