Tälimçisi Enj Postekogluny “Tottenham” toparyna ugradan “Seltik” klubunyň täze tälimçisi mälim edildi. Şotland kluby ozalky tälimçisi Brendan Rojersi tälimçilige belledi. 50 ýaşyndaky tälimçi “Seltik” bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdy. Aprel aýynda “Lester Sitidäki” wezipesinden boşadylan demirgazyk irlandiýaly hünärmen 2016-2019-njy ýyllar aralygynda “Seltige” tälim beripdi. Ol glazgolylar bilen Şotlandiýada 2 çempionlyk gazanypdy. Şol sanda Şotlandiýanyň FA Kubogynda 2, Liga Kubogynda-da 3 gezek ýeňiji bolupdy. Rojers “Watford”, “Reding”, “Swansi” hem-de “Liwerpul” klublaryna tälim beripdi. Ol “Lester Siti” bilen FA Kubogyny we “FA Community Shield” kuboklaryny gazanypdy.

* * *

Angliýanyň «Premier Ligasyndan» aşaky liga düşen «Lester Siti» toparynyň täze tälimçisi belli boldy. «Mançester Sitiniň» tälimçisi Pep Guardiolanyň kömekçisi Enzo Mareska «Lester» toparyna tälim berer. 43 ýaşyndaky italiýaly hünärmen «Lester» bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdy. Mareska mundan öň 2021-nji ýylda «Parmanyň» tälimçisi bolupdy. Ol «Askoli», «Sewilýa», «West Ham» toparlarynda-da tälimçiniň kömekçisi bolup iş alyp barypdy. «Lester Sitiniň» häzirki tälimçisi Din Smitiň wezipesi 30-njy iýunda tamamlanýar.