To­mus pas­ly­nyň iň dat­ly bak­ja önüm­le­ri­niň bi­ri bo­lan gar­py­zyň dün­ýä­de 1 müň 200-den gow­rak gör­nü­şi bar. Gar­pyz adam sag­ly­gy üçin peý­da­ly iý­mit­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar. 90 gö­te­rim­den gow­ra­gy suw­dan yba­rat bo­lan gar­py­zyň dü­zü­min­de A, C, B6 wi­ta­mi­ni, ka­liý we ug­le­wod­lar sak­lan­ýar. Eý­sem, bu bak­ja önü­mi­niň go­wy bi­şe­ni­ni nä­dip saý­la­ma­ly?! Mu­nuň üçin kä­bir ala­mat­la­ry göz öňün­de tut­ma­ly:
Daş­ky gör­nü­şi­ne se­ret­me­li. Eger-de gar­py­zyň reň­ki sol­gun däl-de, ýi­ti bol­sa, bu onuň tä­zedi­gi­ni aň­lad­ýar. Zo­lak­la­ry sar­gylt, öçük­si bol­sa, kö­ne­di­gi­ni gör­kez­ýär. Şeý­le hem gar­py­zyň da­şy pak­ga­ran (ýum­şak) bol­sa, bu onuň has ir ýol­nan­dy­gy­nyň ala­ma­ty­dyr.
Sa­pa­gy­na üns ber­me­li. Eger-de gar­py­zyň sa­pa­gy ter bol­sa, ýa­ňy ýol­nan­dy­gy­ny aň­lad­ýar. Gu­ry bal­dak­lar bu bak­ja önü­miň has öň ýyg­na­lan­dy­gyn­dan ha­bar ber­ýär. Tä­ze we bi­şen gar­pyz al­mak is­le­se­ňiz, on­da ýa­şyl sa­pak­ly gar­py­zy saý­laň!
Ag­ra­my­na üns ber­me­li. Bi­şen gar­py­zyň ag­ra­my biş­me­dik gar­py­za gö­rä ýe­ňil bol­ýar. Şol se­bäp­li gar­pyz al­maz­dan ozal eli­ňiz bi­len öl­çäp gö­rüň!
Se­si­ni diň­le­me­li. Bar­ma­gy­ňyz bi­len gar­py­zy pi­tik­läp gö­rüň! Bi­şen gar­pyz içi boş ýa­ly ses ber­ýär. Tyň­ňyl­da­ýan çuň ses bu bak­ja önü­mi­niň suw­ludygyny we go­wy bi­şen­di­gi­ni gör­kez­ýär. Eger-de gar­py­zyň se­si içi­ne dy­kyz ýaý­ra­ýan bol­sa, en­tek bi­şip ýe­tiş­män­di­gi­ni aň­lad­ýar.
To­ga­la­gy­ny saý­la­ma­ly. Gar­pyz saý­la­ny­ňyz­da ýu­murt­ga şe­kil­li süýn­me­gi­ni däl-de, to­ga­la­gy­ny saý­laň! To­ga­lak gar­pyz has suw­ly we ta­gam­ly bol­ýar.
Ke­sil­me­dik gar­py­zy otag ho­wa şer­tin­de 7-10 gün­läp sak­lap bol­ýar. Ke­si­len gar­py­zy 2-3 gün­läp iý­mit so­wa­dy­jy­syn­da sak­la­mak müm­kin. Şeý­le hem gar­pyz bal­da­gyn­dan ýol­nan­dan soň ýe­tiş­mek pro­se­si­ni bes ed­ýär, ýag­ny kä­bir mi­we­ler ýa­ly, pa­zy­lyn­dan aý­ry­lan­dan soň biş­me­ýär.