“La Liganyň” çempiony “Barselona” Ilkaý Gündogandan soň düzümine “Atletik Bilbaonyň” goragçysy Inýigo Martinesi transfer etdi. Şertnamasy tamamlanandygy üçin tölegsiz alnan 31 ýaşyndaky ispan goragçysy täze kluby bilen 2 ýyllyk ylalaşyga gol çekişdi. “Atletik Bilbaodan” öň “Real Sosiedadda” çykyş eden Martines klublarda jemi 469 gezek meýdança çykdy. Martinesi “Barselonadan” transfer etmek isleýän klublar şertnama laýyklykda 400 million ýewro tölemeli bolarlar.