Ýyldyz oýunçy 13 ýyldan soň köne klubuna dolandy

169

“Ýuwentus” bilen şertnamasy tamamlanan argentinaly ýarymgoragçy Anhel Di Mariýa 13 ýyldan soň ozalky kluby “Benfika” dolandy. 35 ýaşyndaky ýyldyz oýunçy lissabonlylar bilen 1 ýyllyk şertnama baglaşdy. 2007-2010-njy ýyllar aralygynda “Benfikada” oýnan Di Mariýa ondan soň “Real Madrid”, “Mançester Ýunaýted”, PSŽ, “Ýuwentus” ýaly Ýewropanyň öňdebaryjy 5 çempionatynyň 4-siniň esasy klublarynda çykyş etdi. Dünýä Kubogynyň eýesi Di Mariýa klublarda 724 oýunda 162 goly öz adyna ýazdyrdy.