Türkmen milli aýdym-saz sungatynda öçmejek yz galdyran ussatlar sanardan kän. Manyly ömrüni opera sungatymyzyň ösmegine bagyş eden Türkmenistanyň halk artisti Medeniýet Şahberdiýewa bilbil owazy bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň milli medeniýetine egsilmez goşant goşan ägirtleriň biridir. Medeniýet Şahberdiýewa doganlyk halklaryň dillerinde hem ençeme aýdymlary ussatlarça ýerine ýetirip, agzybirligi, parahatçylygy şirin owazy bilen äleme ýaýdy.
Medeniýet Şahberdiýewa belent sesli şirin aýdymlary bilen diňe halkymyzyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagy üçin hem uly tagalla eden halypadyr. «Türkmeniň saýrak bilbili» adyny alan halypa aýdymçy ajaýyp aýdymlary bilen ýaşlary Watançylyk ruhunda terbiýelemäge we ruhy-ahlak gymmatlyklaryna mynasyp bolup ýetişmekleri ugrunda netijeli işleri alyp bardy. Onuň kalbyndaky Watan söýgüsinden joşgun alýan ylhamy, göwünlere ganat berýän owazy ýüreklere mähir, söýgi bagyşlaýar.
Her bir sungat ussadynyň Watan gymmatlyklaryny, ata-babalarymyzdan gelýän ahlak ýörelgelerini wagyz edýän şahsyýet bolýandygyny taryh aýan edip gelýär. Medeniýet Şahberdiýewanyň döredijiligine ser salanyňda, onuň bu ugurda nusgalyk şahsyýetdigine göz ýetirmek bolýar. Şu ýerde ussat halypanyň ýerine ýetiren kompozitor A.Alýabýewiň «Soloweýini» («Bilbil» aýdymy) hem-de kompozitor Nury Halmämmedowyň «Aşgabat» atly aýdymyny ýatlap geçmek isleýäris.
Medeniýet Şahberdiýewa «Soloweý» aýdymy bilen dünýä çykdy. Doganlyk halklaryň belent sesli sungat ussatlarynyň onlarçasy bu aýdymy ýerine ýetirdi, ýöne şol ussatlaryň arasynda Medeniýet Şahberdiýewanyň has-da ýokary derejede tapawutlanýandygy aýratyn bellenilýär. Ol bu aýdymy ýerine ýetirende ýaýlyp ýatan türkmen sährasy, Hak nazary siňen keremli topragymyzyň erem baglyklarynda saýrap oturan bilbil göz öňüňde janlanýar. Aýdymçynyň Watana bolan söýgüden doly kalbyndan joşup çykýan ses belentligi, türkmen ruhy bilen tebigat gözelliginiň waspyny ýetirýär.
Ussat halypanyň «Aşgabat» aýdymy hem şolar ýaly derejedäki akgynlydan kalplara joşgun berýän ajaýyp aýdymlaryň biridir. Bu aýdymyň üsti bilen halypa diňleýjilerine ýurdumyzyň ýüregi Aşgabadyň gözelliginiň ajaýyplygyny wagyz edýär. Özi-de onuň ussatlygy – haýsy ýurtda çykyş etse, bu aýdymy doganlyk halklaryň dillerinde ýerine ýetirenligidir. Ony diňlän diňleýji hyýalynda paýtagtymyzyň al-elwan güller bilen örtülen tämiz köçelerine seýran edip, gözelliklerini göz öňüne getirýär.
Men Medeniýet Şahberdiýewa bilen görşüp, söhbetdeş bolmak bagtyna eýe bolandygym üçin onuň belent sungaty bilen bir hatarda, adamkärçilik häsiýetleri hakynda hem okyjylara ýetiresim geldi. Ussat halypada beýiklere mahsus sadalyk, kiçigöwünlilik, enelere mahsus mähremlik, şol bir wagtyň özünde-de ynsanperwerlige ýugrulan sahylyk bardy. Ol şu häsiýetleri bilen zähmet çeken bilim ojagy – Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda tälim beren talyplaryna görelde görkezýärdi. Ussat mugallymyň şägirtlerinden ýatlap geçsek, Atageldi Garýagdyýew, Roza Töräýewa, Kerimguly Gorowow, Atajan Berdiýew, Gözel Öwezowa, Sumbar Kalendarowa, Aýna Seýitgulyýewa, Žanna Saýýan, Bilbil Annaorazowa ýaly şägirtleriniň hemmesi-de häzir uly at-abraýa eýe bolan sungat ussatlary bolup ýetişdiler. Ony ýakyndan tanadygyňça ýüreginiň edil çaganyňky ýaly päkdigini, ýagşylyk üçin ýaradylan beýik ynsandygyny duýmak bolýardy. Ol Watanyň, halkyň öňünde halal we päk zähmetiň bilen ýalkanmalydygynyň beýik nusgasydy. Bir gezek ol maňa: «Sungat adamsynyň gijesi-gündizi bolmaýar, ol hemişe zähmet çekmeli, kämillige ýetmegiň ýoly daş, ýöne ol ýola ýetmek üçin irmän-arman yhlas etmeli. Watanyňy, ýurduňy, il-günüňi jandan söýmeli. Beýik sungat eserleri söýgüden döreýär» diýipdi.
Halypanyň diňe şu sözleriniň özi-de biz – ýaşlar üçin watansöýüjilik sapagydyr. Medeniýet Şahberdiýewanyň döredijilik ýoly hiç haçan ähmiýetini ýitirmejek özboluşly kitaba çalym edýär. Ol kitaba içgin aralaşdygyňça, buýsanjyň artyp, alnyňda täze bir dünýä açylýar. Ol şägirtlerine halypa, talyplaryna mugallym, il-gününe ynsanperwer şahsyýetdir. Onuň halkyň, Watanyň abraýy üçin bitiren taýsyz hyzmatlary nesiller üçin nusgalyk mekdepdir. Çünki Watan gözelliklerini kalbynda jemlän ussat halypa watansöýüji şahsyýet hökmünde dost-doganlyk halklaryň aňyna ebedi ýol salypdy.
Her bir adam Medeniýet Şahberdiýewanyň N. Halmämmedow ýaly seýrek zehinli halypalar tarapyndan döredilen aýdymlaryny, Gündogaryň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň terbiýeçilik ähmiýetli goşgularyny aýdymlarynyň üsti bilen ýaşlaryň aňyna ýetirişinde, «Aşyr aganyň hötjetligi», «Japbaklar», «Şasenem we Garyp», «Meniň dostum Meleguş» filmlerinde ýerine ýetiren aýdymlarynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda D. Öwezow we A. Şapoşnikowyň «Aýna» operasynda Bilbiliň hem-de «Şasenem-Garyp» operasynda Şasenemiň keşplerinde, D. Öwezow we Ý. Meýtusyň «Leýli-Mejnun» operasynda Leýliniň keşbinde döreden keşpleri bilen mukaddes Watana bolan çäksiz söýgüsini we ýokary ruhy ahlagyny duýup biler.
Türkmen aýdym-saz sungatynyň ussat halypasy Medeniýet Şahberdiýewanyň milli hem-de dünýä medeniýetinde yz goýan sungat ýoly bakydyr we müdimidir.
Watan söýgüsini kalbyna guýup,
Durmuş gözelligni wasp eden ussat.
Siziň aýdym-sazda ýaşan ömrüňiz,
Göýä aýdym hakda ajaýyp dessan.
Seýitmuhammet SEÝITMUHAMMEDOW,
Murgap etrabynyň Deňizhan şäherçe kitaphanasynyň II derejeli kitaphanaçysy, TMÝG-niň işjeň agzasy.