Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda Hemingueý Günleri festiwalynyň çäginde her ýyl meşhur ýazyjynyň meňzeşleriniň arasynda bäsleşik geçirilýär. Bu ýylky bäsleşikde 68 ýaşly Garrit Marşal ýeňiş gazandy.
Bäsleşik, ýazyjynyň iň halaýan garbanyşhanasy, “Sloppi Joe’s Bar”-da geçirildi. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, gatnaşyjylar diňe bir keşbi däl, eýsem Nobel baýragynyň eýesiniň hereketine, şeýle hem sözleýiş usulynyna hem öýkünmeli boldular. Bäsleşigiň emin agzalary öňki ýyllaryň ýeňijilerinden ybarat.
Ýeňiji ses berişlik arkaly kesgitlenildi. Ol Wiskonsiniň 68 ýaşly ýaşaýjysy Garrit Marşal. Ol Hemingueýiň iň gowy nusgasy diýen ada eýe bolmak üçin 10 gezek bäsleşip, diňe 11-nji ýaryşda ýeňiş gazandy.
Festiwalda balyk awlamak boýunça ýaryş we köçe ýarmarkasy hem guraldy. Ýazyjynyň balyk tutmagy gaty gowy görýändigi, hatda 1952-nji ýylda neşir edilen “Goja we deňiz” hekaýasyny hem oňa bagyşlandygy mälimdir. Ernest Hemingueý romanlary we gysga hekaýalary bilen giňden tanalýar.
Ýazyjynyň ömri we döredijiligi
Beýik amerikan ýazyjysy Ernest Miller Hemingueý XX asyryň dünýä edebiýatyna iň uly täsir ýetiren ýazyjylaryň biridir. Onuň ömri dartgynly we tolgundyryjy wakalardan doly. Şonuň üçin ýazyjynyň ömri – onuň iň esasy eseri diýse hem bolar. Ernest Hemingueý 1899-njy ýylyň 21-nji iýunynda Illinoýs ştatynyň Ouk-Park şäherçesinde dogulýar. Ol örän zehinli çaga bolupdyr, tebigaty söýüpdir, eýýäm sekiz ýaşyndaka ähli ösümlikleriň, haýwandyr guşlaryň atlaryny ýatdan bilipdir, ýöne esasy ünsüni edebiýata gönükdiripdir. Okaýan wagty Ernest mekdep žurnallarynda hekaýalary we makalalary bilen häli-şindi çykyş edipdir, şol wagt eýýäm ýazyjy bolmagy göwnüne berk düwüpdir. Orta bilimini alanyndan soň, ene-atasynyň talap etmegine garamazdan, uniwersitete girmändir, Kanzas şäherine göçüp, “Star” gazetine işe ýerleşipdir.
Hemingueý Birinji Jahan urşuna gatnaşmak üçin Gyzyl Ýarymaý birleşigine ýazylyp, Italiýa barýar. Uruşdan ýaralanyp dolanýar. Amerikada gahryman hökmünde garşylanýar. Bu uruş baradaky ýatlamalara Hemingueý soň döreden birnäçe hekaýalarynda we “Ýarag bilen hoşlaşyk” atly meşhur romanynda ýatlanýar. Watanyna dolanandan soň “Toronto Star” gazetinde we “Cooperative Commonwealth” žurnalynda işleýär. 1921-nji ýylda ýazyjy birwagtky arzuwyny amala aşyrýar – Pariže gidýär. Bu ýerde Hemingueýiň ylhamy joşýar, ol her hepde “Toronto Star” gazetine täze hekaýa iberýär. Parižde ol F.S.Fisjerald, Jeýms Joýs, G. Staýn ýaly ýazyjylar bilen tanyşýar. Ömrüniň bu döwri barada, birnäçe ýyl geçeninden soň, Hemingueý “Mydam ýanyňda galýan şagalaň” kitabynda gürrüň beripdir. 1926-njy ýylda çap edilen “Ine-de Gün dogdy” romany ýazyja uly üstünlik getirýär. Mundan soň Hemingueý yzly-yzyna nusgawy derejesine ýetjek eserlerini döredip başlaýar. “Aýalsyz erkekler” (1927), “Ýeňiji hiç zat gazanmaýar” (1933), “Kilimanjaronyň gary” (1936) hekaýalar ýygyndysyny, “Ýarag bilen hoşlaşyk” (1929), “Jaň kim üçin kakylýar” (1940) romanlaryny, “Goja we deňiz” (1952) powestini, “Bäşinji sütün” (1938) pýesasyny, “Afrikanyň ýaşyl baýyrlyklary” (1935) kitabyny okyjylar elden düşürmän okaýarlar.
1949-njy ýylda ol Kuba göçýär. “Goja we deňiz” powesti üçin 1953-nji ýylda Pulitzer baýragyna, 1954-nji ýylda bolsa Nobel baýragyna mynasyp bolýar. 1961-nji ýylyň 2-nji iýulynda ýazyjy pajygaly ýagdaýda aradan çykýar.