Mostar Bosniýa we Gersegowinanyň iň uly şäherleriniň biridir. Bu şäher gurluşy we taryhy ýadygärlikleri bilen tapawutlanýar. Mostar şäheri syýahatçylyk pudagynda gezelenç etmeli ýerleriň biri hasaplanýar. Bu şäher 2005-nji ýylda ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň sanawyna girizilýär.
Mostarda howa menzili bolsa-da, uçuşlar seýrek amala aşyrylýar. Mostaryň tutýan meýdany 1 müň 165 inedördül kilometr bolup, şähere ulagly ýa-da otluly barmak has aňsat. Subtropik howaly şäher Werlež dagynyň eteginde, deňiz derejesinden 60 metr belentlikde ýerleşýär. Şäherde mark pul birligi ulanylýar. Mostarda ertirlik nahary börek iýmek bilen başlanýar. Bu düzgün şäheriň irki döwürlerden bäri gelýän däp-dessurlarynyň biridir. Şäherde meşhur gastronomiýa tagamlaryndan biri bolan çewapy bilen bir hatarda, etli tagamlaryň dürli görnüşleri közüň üstünde taýýarlanylýar.
Mostar şäherinde gezelenji nireden başlamaly?
Bosniýa we Gersegowina agzalanda ilki bilen şäher bilen adybir Mostar köprüsi göz öňüňe gelýär. «Köne köpri» ady bilen hem tanalýan mostar köprüsi Balkan ýarym adasynda ýaşaýanlaryň iň meşhur nyşany we taryhy gymmatlygydyr. Gündogar binagärliginiň nusgasy bolan bu köpriniň gurluşygy 1566-njy ýylda tamamlanýar. Ini 4 metre, uzynlygy 30 metre we beýikligi 24 metre barabar bolan köpriniň gurluşygy 9 ýyl dowam edýär. Köpriniň gurluşygynda, esasan, hek daşy ulanylyp, iki tarapynda minara diňi ýerleşdirilýär. Köprüde birnäçe gezek abatlaýyş işleri geçirilip, 2004-nji ýylda durky täzelenýär. Neretwa derýasynyň iki kenaryny birleşdirýän bu köpri dostlugyň we söýginiň nyşanyny aňladýar. Köpriniň töwereginde tebigaty synlap oturmak üçin kafedir restoranlaryň birnäçesi bar. Häzirki wagtda köpriniň üstünden suwa bökmek ýaryşlary, baýramçylyk dabaralary we söýgi däpleri amala aşyrylýar.