Her ýyl bolşy ýaly, Şweýsariýanyň işewürlik mekdebiniň Dolandyryşy ösdürmegiň halkara instituty (IMD) 2023-nji ýyl üçin ykdysady bäsdeşlik babatda bütindünýä sanawyny taýýarlady. Onda dört kategoriýa bölünen 336 kriteriýa esasynda 64 ýurda baha berilýär: ykdysady görkezijiler, hökümetiň goldawy, işewürligiň netijeliligi we infrastruktura.
IMD-eniň wekilleriniň pikirine görä, Daniýa dünýäde iň bäsdeş ykdysadyýetli ýurt bolup, hasabatda işewürligiň netijeliligi we infrastrukturasy boýunça ajaýyp görkezijilere eýe boldy. Şeýle-de bolsa, ýurt diňe salgyt syýasatynda öňegidişlik gazanyp bilmedi.
Ykdysady ýagdaýy, halkara maýa goýumlary we öz kompaniýalarynyň gymmatlyklaryna garaýyşlary sebäpli Irlandiýa dünýäde ykdysadyýeti boýunça bäsdeşlige ukyply ikinji ýurt hasaplanýar. Onuň gowşak taraplary inflýasiýa we halkara söwdasy bolup durýar.
Şweýsariýa dünýäniň üç bäsdeş ykdysadyýetiniň biridir. Bu ýurt maliýe durnuklylygyny saklamak, pensiýa we durmuş üpjünçilik ulgamlarynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin inflýasiýa gözegçilik etmekde kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolsa-da, özüniň infrastruktura boýunça hasabatynda ajaýyp netijeleri gazanýar.
Singapurda işsizligiň pesligi, halkara söwdasy we tehnologik infrastruktura ýurduň dördünji uly ykdysadyýetiniň güýçli taraplarydyr. Inflýasiýa Singapuryň esasy meseleleriniň biri bolup durýar.
IMD Niderlandlary dünýäde bäşinji uly ykdysadyýetli ýurt hökmünde görkezýär we maliýe gurluşlaryna we kompaniýalarynyň işine ünsi çekýär. Şeýle-de bolsa, IMD ýurduň salgyt syýasatyny gowulandyrmalydygyny we inflýasiýany azaltmak üçin çäreleri görmelidigini belleýär.
Altynjy orny Taýwan eýeläp, IMD bu ýurduň kompaniýalarynyň netijeliligini nygtaýar. Şeýle-de bolsa, Taýwan halkara söwdasyny we daşary ýurt maýa goýumlaryny gowulandyrmalydygy bellenilýär.
Ykdysady kanunlar, salgyt syýasaty we halkara maýa goýumlary Gonkongyň ykdysadyýetiniň güýçli taraplarydyr. Ýöne ol inflýasiýa we işsizlik sebäpli şowsuzlyga uçraýar. Gonkong sanawda ýedinji ýerde durýar.
Döwlet dolandyryşynyň we infrastrukturanyň netijeliliginde Şwesiýa iň ýokary baha alyp, sanawda sekizinji orny eýeledi. Şeýle-de bolsa, soňky ýyllarda iş ýerleriniň döredilmegi zerur bolan bu ýurt salgyt syýasatyny kämilleşdirmelidigi bellenilýär.
IMD-eniň maglumatlaryna görä, ABŞ-nyň ykdysadyýeti bäsdeşlige ukyplylygy boýunça dokuzynjy ýerde durýar. Halkara maýa goýumlary, ylmy infrastruktura we kompaniýalaryň maliýe ýagdaýy tapawutlanýar, ýöne ABŞ bahalaryna gözegçilik etmeli we döwlet gaznasynyň ýagdaýyny gowulaşdyrmaly.
Sanawyň ilkinji onlugyna Birleşen Arap Emirlikleri girýär. Hasabatda halkara söwdasyna we esasy gurluşlara ýokary baha berilýär, ýöne Emirlikleriň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýasyny gowulandyrmalydygy we senagat ösüşiniň daşky gurşawa ýetirýän täsirini azaltmalydygy bellenilýär.