Saud Arabystanynyň iň öňdebaryjy kluby “Al Hilal” transfer üstüne transfer etmegini dowam edýär. Er-Riýad şäheriniň wekili Neýmaryň transferinden soň düzümine ýene 2 futbolçy goşdy. Paýtagtlylar ilki “Sewilýa” toparynyň marokkoly derwezeçisi Ýassin Bununy 21 million ýewro transfer etdi. “Al Hilal” topary 32 ýaşyndaky derwezeçi bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdy.

“Al Hilal” Bunudan soň “Fulhamyň” serbiýaly hüjümçisi Aleksandar Mitrowiçi hem düzümine goşdy. “Al Hilal” 28 ýaşyndaky hüjümçi üçin londonlylara 45 million funt sterling möçberinde pul tölär. 28 ýaşyndaky hüjümçiniň 4 ýyllyk şertnama baglaşar. Mitrowiç täze klubunda 9-njy belgili köýnekçäni geýer.