Ýerasty magdanlary çykarmak bilen meşgullanýan global kompaniýalar soňky ýyllarda ulanyşdan galan metal zyňyndylaryndan has köp peýdalanyp başlady. «Wall Street» neşiriniň habaryna görä, «Rio Tinto», «Glencore» ýaly kompaniýalar gaýtadan ulanylan metallaryň gazyp almakdan arzan düşýändigini, şeýle hem munuň üçin az energiýa zerurlyk duýulýandygyny belleýärler. Gaýtadan peýdalanylýan metallaryň arasynda gymmat bahaly bolanlaryna hem aýratyn maýa goýum gönükdirilýär. Bu iri kompaniýalar ABŞ, Awstraliýa we Kongo ýaly ýurtlarda gymmatly metallaryň gaýtadan işlenişini artdyrmak üçin birnäçe ylalaşyklara gol çekdiler.
Elektroulaglaryň, Gün panelleriniň we ýel turbinalarynyň önümçiliginde giňden ulanylýan alýumini öndürmek bilen meşgullanýan «Rio Tinto» golaýda Kanadanyň «Matalco» kompaniýasynyň 50 göterimlik paýnamasyny 700 million dollara satyn aldy. «Matalco» kompaniýasy diňe ozal ulanylan metallardan alýumin öndürmek bilen meşgullanýar.
«Glencore» kompaniýasy bolsa, «Li-Cycle» holdingi bilen Ýewropada önümçilik kuwwaty 36 gigawata barabar boljak litiý-ion üçin ýeterlik mukdarda materialy gaýtadan işleýän zawod gurmak üçin ylalaşyk gazandy.
Ulanyşdan galan senagat önümleriniň we beýleki enjamlaryň gaýtadan işlenilip, olardaky metallaryň aýratynlykda alynmagy we çig mal hökmünde gaýtadan peýdalanylmagy diňe tebigata ýetirilýän zyýany azaltman, eýsem, sarp edilýän energiýany, işçi güýjüni we beýleki çykdajylary azaltmaga ýardam edip, girdejini ýokarlandyrýar.
Maral AMANOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň uly mugallymy.