Şu ýylyň maý aýynda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde uruş döwrüniň wakasyny beýan edýän «Daragt» atly çeper film surata düşürilip, mawy ekran arkaly halk köpçüligine görkezildi. Şol filmde baş gahryman Ýakubyň kakasy Kadyr aganyň keşbini janlandyran Türkmenistanyň halk artisti Muhammetguly Kasymow bilen söhbetdeş bolup, okyjylar köpçüligine ýetirmegi makul bildik.

Mu­ham­met­gu­ly mu­gal­lym, söh­bet­deş­li­gi­mi­ziň ba­şy­ny sun­gat äle­mi­ne gel­şi­ňiz ba­ra­da­ky gür­rüň bi­len baş­la­ýa­lyň?
– Me­niň ka­kam Oraz­gel­di Ka­sy­mow hem sun­gat adam­sy, onuň as­yl kä­ri su­rat­keş. Ol çe­ken su­rat­la­ry­ny ser­gi­ler­de gör­ke­zip sy­lag­la­ra my­na­syp bo­lan, şo­nuň ýa­ly hem ka­kam ök­de sa­zan­da­dy, du­tar­ ça­lyp, aý­dym aý­dar­dy. Men en­tek ýa­ňy mek­de­be gat­nap baş­lan dö­wür­le­rim, öýü­mi­ze dö­re­di­ji­lik adam­la­ry köp ge­ler­di­ler, ka­kam bi­len dö­re­di­ji­lik söh­be­di­ni eder­di­ler. Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti Ha­jy An­na­mäm­me­dow ka­ka­myň ýa­kyn dos­tu­dy. Şa­hyr Gur­ban­na­zar Ezi­zow, ýa­zy­jy Aşyr­ber­di Kürt, kom­po­zi­tor Nu­ry Hal­mäm­me­dow, su­rat­keş Şa­jan Ak­mu­ham­me­dow da­gy bi­ze myh­man­çy­ly­ga ge­ler­di­ler, men hem şo­la­ryň ýa­nyn­da otu­ryp, gy­zyk­ly gür­rüň­le­ri­ni diň­lär­dim. Ka­kam te­at­ra ba­ryp, sah­na oýun­la­ry­na to­ma­şa et­me­gi go­wy gö­rer­di, ol me­ni hem ýa­ny bi­len alyp gi­der­di. Ol, esa­san, öň­ki Mol­la­ne­pes adyn­da­ky aka­de­mi­ki dra­ma te­at­ryn­da, öň­ki Aman Gul­mäm­me­dow adyn­da­ky Ýaş to­ma­şa­çy­lar te­at­ryn­da sah­na­laş­dy­ry­lan oýun­la­ry go­wy gö­rer­di. Ka­kam ma­ňa du­tar çal­ma­gy öw­re­der­di, to­ýa gi­den­de me­ni ýa­nyn­dan goý­maz­dy. Toý­lar­da ka­ka­myň du­tar­da çal­ýan saz­la­ry­ny, aýd­ýan aý­dym­la­ry­ny he­zil edip diň­lär­di­ler. Aý­dym-sa­za ýyk­gyn et­me­gim aý­dym-saz sa­pa­gyn­da ma­ňa uly kö­mek ber­ýär­di. Şol dö­wür­ler ra­dio­da Aý­na bi­len Söh­bet ha­kyn­da dü­zü­len ra­dioo­ýun gi­der­di. Men şon­da «Söh­be­diň keş­bin­de çy­kyş edäý­sem» di­ýip hö­wes eder­dim. Ma­wy ek­ran ar­ka­ly be­ril­ýän film­le­re to­ma­şa eder­dim, şo­la­ryň tä­si­ri ne­ti­je­sin­de bol­sa, mek­de­bi­miz­de he­re­ket ed­ýän dra­ma gur­na­gy­na-da gat­na­şar­dym. Mek­de­biň soň­ky syn­pyn­da oka­ýar­kam et­rap­laryň ara­syn­da ge­çi­ril­ýän aý­dym-saz ýa­ryş­la­ryna-da gat­naş­ýar­dym. Şol ýa­ryş­la­ryň bi­rin­de ma­ňa «Agam gel­me­di» di­ýen aý­dy­my aý­da­nym üçin «Ýa­lyn­ly ýyl­la­ryň ýat­la­ma­sy» at­ly ki­ta­by sow­gat ber­di­ler. 10-njy synp­da okaýarkam ka­kam me­ni dos­ty Ha­jy An­na­mäm­me­do­wyň ýa­ny­na äki­dip «Me­niň og­lu­ma-da öz kä­ri­ňi öw­ret» diý­di. Mek­de­bi ta­mam­la­nym­dan soň, ka­kam bi­len Aş­ga­ba­da gaýt­dyk, Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi­ne ba­ryp Mosk­wa­da akt­ýor­la­ry taý­ýar­la­ýan oku­wyň ýag­da­ýy bi­len gy­zyk­lan­dyk. Şu ýyl­dan baş­lap bi­ziň özü­miz­de hem şol oku­wa alyn­ýan­dy­gy­ny aýt­dy­lar. Şeý­lelikde, 1981-nji ýyl­da or­ta mek­de­bi ta­mam­lap, öň­ki Türk­men döw­let pe­da­go­gik sun­gat ins­ti­tu­ty­nyň akt­ýor­la­ry taý­ýar­la­ýan bö­lü­mi­ne oku­wa gir­dim.

Ýo­ka­ry okuw mek­de­bin­de okan wag­ty­ňyz haý­sy ha­ly­pa-mu­gal­lym­lar­dan sa­pak al­dy­ňyz?
– Ins­ti­tut­da oka­ýar­kak to­pa­ry­myzyň çe­per ýol­baş­çy­sy edip Ha­jy An­na­mäm­me­do­wy bel­le­di­ler. Şo­nuň ýa­ly hem bi­ze Ata Alo­wow, Wel­my­rat Ama­now, Ogul­dur­dy Mäm­met­gu­ly­ýe­wa, Nu­ry Al­la­ber­di­ýew, Ça­ry Işan­gu­ly­ýew ýaly ha­ly­pa ar­tist­ler akt­ýor­çy­lyk sun­ga­ty­nyň in­çe syr­la­ry­ny öw­re­dip baş­la­dy­lar. En­tek ins­ti­tu­tyň 3-nji ýyl ta­ly­by wag­tym ma­ňa ha­ly­pam Ata Alo­wow Mol­la­ne­pes te­at­ryn­da sah­na­laş­dy­ran «Har­mandä­li» at­ly sah­na oý­nun­da Ke­re­miň keş­bi­ni jan­lan­dyr­ma­gy ynan­dy. Şol sah­na oý­ny bi­len bol­sa dö­re­di­ji­lik to­pa­ry Mosk­wa­da çy­kyş et­me­li bol­dy. Şeý­dip me­niň sah­na­da il­kin­ji çy­ky­şym Mosk­wa­nyň te­at­ryn­da bol­dy. 1985-nji ýyl­da ins­ti­tu­ty üs­tün­lik­li ta­mam­lap, zäh­met ýo­lu­na ga­dam bas­dym.

Ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­ni ta­mam­la­ny­ňyz­dan soň zäh­met ýo­lu­na ni­re­de baş­la­dy­ňyz, haý­sy keşp­le­ri jan­lan­dyr­dy­ňyz?
– Me­ni öň­ki Mol­la­ne­pes adyn­da­ky aka­de­mi­ki dra­ma te­at­ry­na işe ýol­la­dy­lar. Bu te­at­ryň sah­na­syn­da ma­ňa Mu­ham­met Çer­ke­zow, Gy­lyç Ber­di­ýew, Sa­byr Ata­ýe­wa, Fah­ri­ýa Ali­ýe­wa, Täç­bi­bi Gafu­ro­wa, Ata Alo­wow, Nur­mu­ham­met Keş­şi­kow, So­na we Su­raý My­ra­do­wa ýaly ha­ly­pa ar­tist­ler bi­len bi­le çy­kyş et­mek bag­ty mi­ýes­ser et­di. Şol ha­ly­pa­lar­dan köp zat­la­ry öw­ren­dim. Bu te­at­ryň sah­na­syn­da il­kin­ji ge­zek öz­bek ýa­zy­jy­sy Se­ýit Ah­me­diň ede­bi ese­ri esa­syn­da sah­na­laş­dy­ry­lan «Ge­lin­le­riň goz­ga­la­ňy» at­ly sah­na oý­nun­da ýe­di ogul­ly Per­man­bi­bi­niň kör­pe og­ly Tog­ta­nyň keş­bi­ni jan­lan­dyr­mak me­niň pa­ýy­ma düş­di. Soň­ra bol­sa Es­ger at­ly og­lu­nyň keş­bi­ni jan­lan­dyr­dym. Bu­lar­dan baş­ga-da, «Oguz oý­nun­da» Ozan be­giň, «Hin­di ro­wa­ýa­tyn­da» Ak­bar­şa­nyň, «Ýe­diň ene­sin­de» Ça­ry del­lek­çi­niň, «Ga­la­da» Dä­li bag­şy­nyň, «Sö­ýüň ga­ra göz­le­rim­de» We­pa­dar ha­nyň, «Ba­ky­lyk bin­ýa­dyn­da» Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň, «Sal­lah­lar­da» Met­di­niň, ge­çen 2022-nji ýyl­da bol­sa ýur­du­my­zyň Beýik Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky Baş aka­de­mi­ki dra­ma te­at­ryn­da sah­na­laş­dy­ry­lan «Mag­tym­gu­ly kö­ňül gu­şy» at­ly sah­na oý­nun­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň keş­bi­ni jan­lan­dyr­mak ma­ňa ne­sip et­di.

Söh­bet­deş­li­gi­mi­ziň şu ýe­rin­de «Hes­ret­li söý­gi kys­sa­sy» at­ly film­dä­ki Söh­be­diň keş­bi­ni jan­lan­dy­ry­şy­ňyz ba­ra­da hem du­rup ge­çäý­se­ňiz?
– 1989-njy ýyl­da kär­de­şim, gör­nük­li ar­tist­le­ri­mi­ziň bi­ri An­na­my­rat My­ra­dow ma­ňa «Te­le­wi­de­ni­ýä­niň re­žiss­ýo­ry Hom­mat Ka­ka­ja­now Aý­na bi­len Söh­bet ha­kyn­da­ky ro­wa­ýat esasynda film su­ra­ta dü­şür­jek bol­ýar, şo­ňa-da Söh­be­diň keş­bi­ni jan­lan­dyr­mak üçin aý­dym-saz­dan ba­şy çyk­ýan, ýaş ar­tist ge­rek di­ýen­soň men hem se­ni sal­gy be­räý­dim» diý­di. Şon­dan soň Hom­mat aga­nyň ýa­ny­na bar­dym. Ol ma­ňa «Ha­ny, inim, eli­ňe du­ta­ry­ňy alyp, aý­dy­ma hiň­le­nip ber» diý­di. Men hem der­rew ra­dio­nyň üs­ti bi­len ýa­dym­da ga­lan «Aý­nam-how» di­ýen aý­dy­myň bir ben­di­ni aý­dyp ber­dim. Hom­mat aga «Bol­dy, se­ni Söh­be­diň keş­bi­ne ka­bul et­dim» diý­di. Şeý­dip, kär­de­şim An­na­my­rat My­ra­dow, ha­ly­pa­lar Ýag­şy­my­rat Aky­ýew, Bal­ly Ýa­ku­bow, Tyl­la Ýa­ku­bo­wa, Ata Moş­şy­ýew, Ak­my­rat Ho­ja­ber­di­ýew da­gy­ bi­len bi­le­lik­de şol film­de su­ra­ta düş­dük. Söh­be­diň keş­bi­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek ma­ňa kyn düş­me­di. Se­bä­bi bu ra­diooý­ny diň­lä­nim­den bä­ri bu keş­bi ýe­ri­ne ýe­tir­me­gi ar­zuw edip ýör­düm. Şol film ta­mam­la­na­nyn­dan soň bi­ziň maş­ga­la­myz­da ogul per­zent dün­ýä in­di. Biz maş­ga­lam Eje­baý bi­len oňa nä­me at dak­sak­kak di­ýip otyr­kak, ejem ma­ňa ýüz­le­nip: «Og­lum, sen il­kin­ji su­ra­ta dü­şen fil­miň­de aý­dym-sa­zyň aşy­gy Söh­be­diň keş­bin­de çy­kyş et­diň, og­luň ady­na-da saz­ly-söh­bet­li bol­sun di­ýip Söh­bet dak» diý­di. Şeý­dip og­lu­my­zyň ady­na Söh­bet dak­dyk. Eje­miň aý­dy­şy ýa­ly, soň­lu­gy bi­len og­lu­myz aý­dym­çy bol­dy ötä­git­di. Soň­ra men «Türk­men­film» bir­le­şi­gin­de re­žiss­ýor Il­my­rat Bek­mi­ýe­wiň «Ýyl­dyz­lar öç­me­ýär­ler» hem-de «Ga­ra­gu­muň bür­güt­le­ri» film­le­rin­de, şeý­le-de «Ha­ky­da», «Gud­rat» at­ly film­ler­de çy­kyş et­dim. Şu ýyl bol­sa Be­ýik Ýeň­şiň 78 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li Oguz­han adyn­da­ky «Türk­men­film» bir­le­şi­gin­de ze­hin­li ki­no­re­žiss­ýor Sa­hy­sa­lyh Baý­ra­mo­wyň su­ra­ta dü­şü­ren «Da­ragt» at­ly fil­min­de baş gah­ry­man Ýa­ku­byň ka­ka­sy Ka­dyr aga­nyň keş­bi­ni jan­lan­dyr­dym. Bu film hem halk köp­çü­li­gi ta­ra­pyn­dan go­wy gar­şy alyn­dy.

Şu ýy­lyň maý aýyn­da siz Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň Stam­bul şä­he­rin­de ge­çi­ri­len TÜRK­SOÝ gu­ra­ma­sy­na ag­za ýurt­la­ryň me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­ni, şol san­da teatr sun­ga­ty­nyň us­sat­la­ry­ny 2022-nji ýyl bo­ýun­ça sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy­na gat­na­şyp baý­ra­ga my­na­syp bol­du­ňyz. Baý­ra­gy­ňyz gut­ly bol­sun!
– Sag bo­luň! Ha­wa, şol da­ba­ra­da men «Iň go­wy er­kek keş­bi – 2022» baý­ra­gy­na my­na­syp bol­dum. Sy­lag gow­şur­mak da­ba­ra­sy­na TÜRK­SOÝ gu­ra­ma­sy­na ag­za ýurt­la­ryň ta­ny­mal sun­gat us­sat­la­ry gat­naş­dy­lar. Ola­ryň türk­men teatr we ki­no sun­ga­ty ba­ra­da aý­dan ýa­kym­ly söz­le­ri yk­ba­ly­ny sun­ga­ta bag­lan ar­tist hök­mün­de buý­san­jy­ma buý­sanç goş­dy. Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň sar­pa­lan­ýan ýur­dun­da ýa­şa­mak, iş­le­mek uly bagt. Ma­ňa 1996-njy ýyl­da «Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­tis­ti» di­ýen hor­mat­ly at be­ril­di. «Wa­ta­na bo­lan söý­gü­si üçin» di­ýen me­dal gow­şu­ryl­dy, şeý­le-de Türk­me­nis­ta­nyň Ýaş­lar baý­ra­gy be­ril­di. 2013-nji ýyl­da bol­sa «Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti» di­ýen be­lent at da­kyl­dy.

Mu­ham­met­gu­ly mu­gal­lym, hä­zir­ki wagt­da siz öz kä­ri­ňiz bo­ýun­ça gel­jek­ki ar­tist­le­re bi­lim ber­ýär­si­ňiz. Şol dog­ru­syn­da hem aý­daý­sa­ňyz!
– Men 2018-nji ýyl­dan bä­ri Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­ty­nyň «Akt­ýo­ryň us­sat­ly­gy we sah­na di­li» ka­fed­ra­sy­nyň uly mu­gal­ly­my we­zi­pe­sin­de zäh­met çek­mek bi­len, gel­jek­de ar­tist bol­jak ýaş­la­ra «Akt­ýo­ryň us­sat­ly­gy» der­sin­den sa­pak be­rip gel­ýä­rin. Hä­zir­ki wagt­da me­niň oka­dan ta­lyp­la­ry­myň kö­pü­si ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de zäh­met çe­kip, hal­ky­my­za me­de­ni­ýet­li hyz­mat edip ýör­ler. Me­niň mu­ňa buý­san­jy­myň çä­gi ýok.

Ha­ly­pa, söh­bet­deş­li­gi­mi­ziň ahy­ryn­da oky­jy­la­ry­my­zy maş­ga­la­ňyz bi­len hem ta­nyş­dy­raý­sa­ňyz?
– Me­niň bir og­lum, iki gy­zym bar. Og­lum, Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­tis­ti Söh­bet Ka­sy­mow Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Mu­kam­lar köş­gün­de aý­dym­çy bo­lup hal­ky­my­za hyz­mat edip ýör. Maş­ga­lam, Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­tis­ti Eje­baý bi­len gel­nim Şem­şat Ka­sy­mo­wa­lar ýur­du­my­zyň Be­ýik Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky Baş aka­de­mi­ki dra­ma te­at­ryn­da zäh­met çe­kip ýör­ler. Uly gy­zym Sel­bi Me­lä­ýe­wa Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­ty­ny ta­mam­lap, türk­men ra­dio­syn­da gep­le­şik­le­ri gur­naý­jy we taý­ýar­laý­jy bo­lup, ki­çi gy­zym Söý­li Ka­sy­mo­wa «Türk­men owa­zy» te­le­ra­dio­ýaý­ly­myn­da alyp­ba­ry­jy bo­lup zäh­met çek­ýär. Bi­ziň ag­zy­bir, döw­let­li, sun­gat maş­ga­la­myz­da al­ty sa­ny ag­ty­gy­myz bar.
Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň, sun­ga­ty­my­zyň hak ho­wan­da­ry, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­ne dö­redip ber­ýän müm­kin­çi­lik­le­ri üçin al­kyş­la­ry­my­zy aýd­ýa­rys.

Söh­bet­deş­li­gi ýaz­ga ge­çi­ren
Döw­let­my­rat Ho­ja­ber­di­ýew, Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.