FIFA-2026: Dünýä çempionatynda emeli aň ornaşdyrylýar

10

FIFA ýene-de laýyk 10 günden Demirgazyk Amerikada geçiriljek Dünýä Kubogynda oýnuň hilini ýokarlandyrmak we janköýerleriň täsirlerini baýlaşdyrmak maksady bilen, emeli aň arkaly döredilen oýunçylaryň awatarlaryny, ýörite datçikli toplary we sanly tälimçi kömekçilerini durmuşa ornaşdyrmaga taýýarlanýar. Guramanyň ýolbaşçysy Janni Infantinonyň habar bermegine görä, bu innowasion gurnamalar emeli aň, sanly ulgamlar we kinematik tizlik arkaly eminleriň, toparlaryň hem-de teleýaýlymlaryň işini düýpli döwrebaplaşdyrar.

Täze tehnologiýalar ilki bilen çempionatyň resmi oýun topy bolan “Trionda” modelinde jemlenýär. “Adidas” kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan bu topuň içine ýerleşdirilen 500 gerslik tizlikli datçik sekuntda 500 gezek maglumat ýygnap, topuň her bir hereketini we oňa bolan galtaşmalary anyk bellemäge ukyplydyr. Bu ulgam oýundaky emeli ofsaýd ýagdaýlaryny, jerime zarbalaryny we topa el bilen degilmegini wideoarhiwlere mätäçlik galdyrmazdan çalt anyklamaga mümkinçilik berer. Şeýle-de, turnire gatnaşýan 1248 sany futbolçynyň gysga wagtlyk skanirlenmegi arkaly olaryň ýokary takyklykdaky 3D modelleri (awatarlary) döredilip, wideoşekilli eminleriň (VAR) işi has-da tizleşdiriler. Mundan başga-da, emeli aň esasynda işlejek “Football AI Pro” atly sanly assistent platformasy çempionata gatnaşýan 48 toparyň ählisine oýunlaryň taktik we strategik seljermelerini, durnukly grafiki maglumatlary deňhukukly esasda hödürlär.