Dünýä Kubogy 2026-nyň ýer eýeleriniň biri bolan Meksikanyň düzümi belli boldy. Meşhur tälimçi Hawier Agirre 26 futbolçydan ybarat düzüme belli derwezeçi Gillermo Oçoany hem çagyrdy. 40 ýaşyndaky derwezeçi 5-nji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşar. Şol sanda Raul Himenes, Orbelin Pineda ýaly tejribeli futbolçylar hem sanawa alyndy.
Meksikanyň ýygyndysy “A” toparçada Günorta Afrikanyň, Günorta Koreýanyň hem-de Çehiýanyň ýygyndylary bilen duşuşar. Çempionatyň açylyş duşuşygy hem Meksika degişli bolup, olar Günorta Afrikanyň ýygyndysy bilen özara güýç synanyşar. Ýeri gelende bellesek, 2010-njy ýylyň 11-nji iýunynda-da Günorta Afrika bilen Meksikanyň ýygyndylary Dünýä Kubogynyň açylyş duşuşygyny oýnapdy. Şol oýun 1-1 hasabynda deňme-deň tamamlanypdy. Bu gezek hem 2 topar 16 ýyldan soň, ýene-de 11-nji iýunda 23-nji Dünýä Kubogynyň açylyş duşuşygy üçin meýdança çykarlar.
DERWEZEÇILER Gillermo Oçoa (AEL Limassol, Kipr) Raul Ranhel (Guadalahara, Meksika) Karlos Asewede (Santos Laguna, Meksika) GORAGÇYLAR Hesus Galýardo (Toluka, Meksika) Sezar Montes (Lokomotiw Moskwa) Horge Sançes (PAOK) Hohan Waskes (Jenoa) Israel Reýes (Amerika, Meksika) Mateo Çawez (AZ) ÝARYMGORAGÇYLAR Edson Alwares (Fenerbahçe) Orbelin Pineda (AEK Afiny) Roberto Alwarado (Guadalahara, Meksika) Luis Romo (Guadalahara, Meksika) Luis Çawes (Dinamo Moskwa) Erik Lira (Kruz Azul, Meksika) Hilberto Mora (Tihuana, Meksika) Braýan Gutierres (Guadalahara, Meksika) Obed Wargas (Atletiko) Alwaro Fidalgo (Betis) HÜJÜMÇILER Raul Himenes (Fulham) Aleksis Wega (Toluka, Meksika) Santiago Himenes (Milan) Sezar Huerta (Anderleht) Hulian Kinýones (Al-Kadsiýah, S. Arabystany) Gillermo Martines (UNAM, Meksika) Armando Gonzales (Guadalahara, Meksika)
PDF









