31-nji aw­gust­da san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Mäm­me­do­wa Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 32 ýyl­ly­gy­ny baý­ram et­mä­ge gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, me­ýil­leş­di­ri­len çä­re­le­riň ha­ta­ryn­da dür­li mas­la­hat­lar, ser­gi­ler, «te­ge­lek sto­luň» ba­şyn­da­ky söh­bet­deş­lik­ler, dö­re­di­ji­lik du­şu­şyk­la­ry, wa­gyz-ne­si­hat çä­re­le­ri, aý­dym-saz­ly çy­kyş­lar, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň «Türk­me­niň Al­tyn asy­ry» at­ly bäs­le­şi­gi­niň je­mi­ni jem­le­mek çä­re­si, hal­ka­ra me­dia­fo­rum­lar, baý­ram­çy­lyk kon­ser­ti bar. Şan­ly se­ne my­na­sy­bet­li sah­na oýun­la­ry­nyň, ki­no­film­le­riň il­kin­ji gör­ke­zi­li­şi­ni gu­ra­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Şu­nuň bi­len bir ha­tar­da, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler be­ýan edil­ýär, met­bu­gat­da eziz Wa­ta­ny­my­zyň ber­ka­rar­ly­gy­ny wasp ed­ýän ma­ka­la­lar çap edil­ýär.
Wi­se-prem­ýer şeý­le hem 27-nji sent­ýabr­da ge­çi­ril­jek çä­re­ler, şol san­da da­ba­ra­ly ýö­ri­şe gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 14-15-nji okt­ýabr­da Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da Ar­ka­dag şä­he­rin­de hal­ka­ra ki­no­fes­ti­wa­ly­ny ge­çir­me­giň me­ýil­leş­di­ril­ýän­di­gi hem aý­dyl­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk gü­nü­niň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di we baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry­nyň äh­li­si­niň hä­zir­ki döw­rüň ru­hu­na la­ýyk gel­me­li­di­gi­ne ün­si çek­di. Wi­se-prem­ýe­re me­ýil­leş­di­ri­len çä­re­le­riň äh­li­si­niň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­ni üp­jün et­mek tab­şy­ryl­dy.