Ýöremegiň adam saglygyna peýdalydygyny hemmämiz bilýän bolsak gerek. Ýöremek artykmaç agramdan dynmaga, beýniniň işjeňligini artdyrmaga hem-de ýürek-damar bilen bagly keselleriň öňüni almaga ýardam edýär. Soňky ýyllarda smartfonlarda we goşar sagatlarynda ýörän ädimiňi, pyýada geçen ýoluňy ölçeýän programmalar peýda bolansoň, adamlar muňa has köp üns berip başladylar. Eýsem, saglyk üçin her gün näçe ädim ätmeli?!
Geçirilen barlaglarda bilermenler her gün 10 müň ädim (7,6 kilometr) ätmegiň saglyk üçin has-da peýdalydygyny belleýärler. Soňky ýyllarda oturymly iş ýörelgesiniň ýaýbaňlanmagy, tehnologiýa enjamlarynyň iş ulgamyna giňden ornaşdyrylmagy bilen hereket hem peselýär. Az hereketlilik saglyk üçin zyýanly bolup, mümkin boldugyça maşk etmäge, yzygiderli ýöremäge endik etmeli. Bilermenler zenanlaryň her gün ortaça, 2700 ädim (2 kilometr), erkekleriň ortaça, 4400 ädim (3,4 kilometr) ýöremelidigini belleýärler.
Her gün 10 müň ädim ätmek ýa-da 30-60 minut ýöremek saglygy berkitmegiň iň gowy tebigy usulydyr.
Ýöremegiň peýdasy:
Myşsalaryň çeýeligini artdyrýar, çydamlylygy güýçlendirýär.
Ýürek bilen bagly howplaryň öňüni alýar.
Süýjüli diabetiň töwekgelçiligini azaltmaga ýardam edýär.
Düwnük keseliniň döremek howpuny azaldýar.
Ýatkeşligi berkidýär we beýniniň işjeňligini ýokarlandyrýar.
Dartgynlylygy we aladalary azaltmaga ýardam edýär.
Ortaça tizlik bilen ýörelende 10 müň ädim ätmek üçin 100 minut gerek. Çalt ýörelende 10 müň ädimi 77 minutda geçip bolýar. 10 müň ädim ädilende 500 kaloriýa sarp edilýär. Yzygiderli ýörelende birnäçe günüň dowamynda bedeniň fiziki işjeňligi şoňa uýgunlaşýar. Ilkibaşda haýal ýöremek bilen bedeni uýgunlaşdyryp, 1 hepdeden soňra ortaça tizlikde ýöremek arkaly bedeniň güýjüni artdyryp bilersiňiz. Şeýle hem ýöreýän wagtyňyz depä çykmak, elde agram daşlaryny götermek, tizligi ýokarlandyrmak ýaly usullary goşup bilersiňiz.
Gündelik endiklere ýöremek bilen bagly şu usullary goşup bolar:
Iş ýerine, edara binasyna ýa-da söwda merkezlerine baranyňyzda liftden däl-de, basgançaklardan peýdalanmak arkaly.
Işleýän ýeriňize ýa-da öýüňize iň bolmanda bir duralga galanda awtobusdan düşmek arkaly.
Çagaňyz ýa-da agtygyňyz bilen daşarda gezelenç etmek arkaly.
Bar bolsa, itiňizi idetmek arkaly.
Ýörelende üns bermeli zatlar:
Kelläni göni tutup, ýere seretmän ýöremeli.
Garyn myşsalarynyň gysylmazlygy we oňurga süňkleriniň gyşarmazlygy üçin öňe ýa-da yza egilmän, dik ýagdaýda ýöremeli.
Eli öňe-yza hereket etdirip ýöremeli. Eliň hereketi ýürek üçin peýdalydyr.
Ýörelende mümkin boldugyça giň egin-eşikleri we ýumşak dabanly sport aýakgaplaryny geýmeli.
***
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlarynda adamlaryň has işjeňleşmegi esasynda birnäçe keselleriň öňüni alyp boljakdygy bellenilýär. Ýaşyna garamazdan adamlaryň ählisi işjeň ýagdaýda bolmaly. Uly ýaşlylar üçin hepdede azyndan 150-300 minut orta we dinamiki maşklary ýerine ýetirmek maslahat berilýär. Çagalar üçin hepdede azyndan 60 minut maşk etmek gerek. Uzak ýaşamak üçin her gün azyndan 7 müň ädim ätmeli.