Fransiýanyň paýtagty Parižde 150 million ýyl ozal ýaşap geçen dinozawryň saklanyp galan skeleti satuwa çykarylar. «Drouot» auksion öýi tarapyndan beýanatda «camptosaurus» maşgalasyna degişli bolan skeletiň 20-nji oktýabrda satuwa çykaryljakdygy mälim edildi. Taryhy eserler boýunça bilermenler «Barry» atly skeletiň bahasynyň 1,2 million ýewro ýetjekdigini çaklaýarlar.
Dinozawryň galyndysynyň 2000-nji ýylda ABŞ-nyň Waýoming ştatyndan tapylandygy mälim edildi. Onuň kelle çanagynyň 90 göterimi dişleri bilen bilelikde saklanyp galypdyr. Uzynlygy 2 metre ýetýän gadymy jandara paleontolog Berri Jeýms at goýupdyr.
Mundan ozal 2021-nji ýylda «Drouot» auksion öýi «Big John» atly 66 million ýyl ozal ýaşap geçen dinozawryň skeletini 6,6 million ýewro, 2022-nji ýylda «Zephyr» atly 150 million ýyl ozal ýaşap geçen dinozawryň skeletini 673 müň ýewro satypdy.
Süleýman ABDULAZIMOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.