Ko­re­ýa­nyň «Nis­san Mo­tor Co.» kom­pa­ni­ýa­sy 2030-njy ýyl­dan baş­lap Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da di­ňe elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ulag sa­tar. Kom­pa­ni­ýa­nyň ýolbaşçysy Uçi­da Ma­ko­to elekt­rou­lag­la­ra bo­lan is­le­giň ne­ti­je­li çöz­güt­di­gi­ni hem-de mun­dan yza do­la­nyl­ma­jak­dy­gy­ny aýt­dy. Onuň söz­le­ri­ne gö­rä, kom­pa­ni­ýa bir mil­li­on­dan gow­rak elekt­rou­lag sa­typ­dyr. Mer­ke­zi eda­ra­sy Ýo­ko­ha­ma şä­he­rin­de ýer­leş­ýän «Nis­san» 2030-njy ýyl­dan baş­lap Ýew­ro­pa­da di­ňe do­lu­ly­gy­na elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ulag­la­ryň sa­tu­wy­ny ama­la aşyr­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär.
Kom­pa­ni­ýa mun­dan ozal 2030-njy ýy­la çen­li glo­bal önüm­çi­li­gi­niň 19 gö­te­ri­mi­niň do­lu­ly­gy­na elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ulag­lar bol­jak­dy­gy­ny mä­lim edip­di. Şeý­le hem şol ýy­la çen­li 27 sa­ny tä­ze elekt­rou­lag bren­di­ni taý­ýar et­me­gi me­ýil­leş­dir­ýän­di­gi­ni ha­bar be­rip­di.

Gur­ban­gel­di Ata­şow,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.