30-njy sent­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Be­ýik Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky Şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty mu­ze­ýin­de Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň (ÝB) Türk­me­nis­tan­da­ky we­ki­li­ýe­ti hem-de Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň Hal­ka­ra Ösüş Agent­li­gi (USAID), ÝU­NES­KO-nyň iş­le­ri ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li To­pa­ry­nyň gol­daw ber­me­gin­de, «Le­bap Hand­ma­de Exports» (Le­bap HME) mak­sat­na­ma­sy­nyň jem­leý­ji çä­re­si ge­çi­ril­di. Bu çä­rä­niň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň us­sat se­net­çi­le­ri­niň önüm­le­ri­niň ser­gi­si hem-de emin ag­za­la­ry­na öz­le­ri­niň tä­ze biz­nes tas­la­ma­la­ry­ny we önüm­le­ri­ni hö­dür­län mak­sat­na­ma­nyň on sa­ny ýe­ňi­ji­si­niň ara­syn­da bäs­le­şik ge­çi­ril­di. Bu ba­ra­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň (ÝB) Türk­me­nis­tan­da­ky we­ki­li­ýe­ti ha­bar ber­di.
“Le­bap HME” mak­sat­na­ma­sy se­net­çi­lik önüm­le­riň ba­zar­la­ry­ny art­dyr­mak we hal­ka­ra sa­tuw­la­ry ýo­kar­lan­dyr­mak üçin türk­men se­net­çi­le­ri­niň önüm­le­ri­ni “eBay” on­laýn ba­za­ryn­da we beý­le­ki hal­ka­ra söw­da plat­for­ma­la­ryn­da ýer­leş­dir­me­gi mak­sat edin­ýär. Al­ty aýyň do­wa­myn­da “Le­bap HME” mak­sat­na­ma­sy­nyň 20 sa­ny gat­na­şy­jy­sy önü­miň di­zaý­ny, so­si­al me­dia mar­ke­tin­gi, ma­ha­bat bil­di­riş­le­ri­ni ýaz­mak , su­ra­ta dü­şür­mek we san­ly mar­ke­ting ýa­ly ugur­lar bo­ýun­ça gym­mat­ly bi­lim al­dy­lar. Şeý­le-de, bu mak­sat­na­ma tä­ze hyz­mat­daş­lar we türk­men se­net­çi­lik­le­ri­niň esa­sy ba­za­ry bo­lan ABŞ-nyň on­laýn dü­kan­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­ma­ga müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­di.
Şan­ly baý­rak gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­syn­da mak­sat­na­ma­nyň üç gat­na­şy­jy­sy gu­ra­ma­çy­lar­dan we he­ma­ýat­kär­ler­den sow­gat al­dy­lar. Maý­sa Öwe­zo­wa özü­niň dur­nuk­ly işe­wür­lik mo­de­li, in­no­wa­si­on te­le­ke­çi­lik çe­me­leş­me­si we ta­nyş­dy­ryş us­sat­ly­gy üçin bi­rin­ji or­na my­na­syp bol­dy.
2023-nji ýy­lyň ap­re­lin­de Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Türk­me­na­bat şä­he­rin­de baş­la­nan “Le­bap HME” mak­sat­na­ma­sy­ny USAID-iň Te­le­ke­çi­li­gi ös­dür­mek tas­la­ma­sy (FGI) hem-de Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Türk­me­nis­tan­da­ky we­ki­li­ýe­ti bi­le­lik­de gur­na­dy­lar.
Şeý­le hem, bu mak­sat­na­ma ÝU­NES­KO-nyň iş­le­ri ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň mil­li to­pa­ry ta­ra­pyn­dan uly gol­daw be­ril­di.