Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) iş gözleýänler üçin niýetlenen “Wakant” onlaýn-platformasyny işe girizdi.
“Wakant” – web-saýty we ykjam telefonlar üçin programmany öz içine alýan doly derejede işleýän onlaýn-platforma. Onuň kömegi bilen iş gözleýänler aňsatlyk bilen özlerine laýyk gelýän boş iş orunlaryny tapyp we olara ýüz tutup bilerler. Şol bir wagtyň özünde, iş gözleýänler özleriniň taýýar rezýumelerini ýükläp bilerler ýa-da rezýumelerini platformanyň kömegi bilen aňsat döredip bilerler.
Iş berijiler üçin bolsa bu platforma Türkmenistanyň öňdebaryjy kadrlar agentlikleriniň professional hyzmatlary bilen peýdalanmaga mümkinçilikler döredýär.
Platformanyň ähli hyzmatlary iş gözleýänler we iş berijiler üçin mugt ýerine ýetirilýär.
Bu makalanyň çykýan döwründe platformada 450-den gowrak boş iş orunlar barada maglumat berlen.
“Wakant” onlaýn-platformasynyň web-saýtyna linki http://wakant.com.tm/
Ykjam telefonlar üçin programmany Siz şu aşakdaky linkler arkaly ýükläp bilersiňiz.
Google Play: https://play.google.com/store/apps/details?id=com.my.wakant
App Store: https://apps.apple.com/tm/app/wakant/id6446488724
Esasy Bildirişler Türkmenistanda iş gözlemek üçin niýetlenen “Wakant” onlaýn-platformasy işe girizildi