1906-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda meşhur rus ýazyjysy Lew Tolstoý Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň özüni 1906-njy ýylyň Nobel baýragyna dalaşgär hökmünde hödürländiginden habarly bolup, derrew fin ýazyjysy Arwid Ýarnefelte hat ýazýar. Bu hatda Tolstoý öz kärdeşinden Nobel komitetiniň agzalarynyň bu baýragyň özüne berilmezligi üçin tagalla etmegini haýyş edýär, sebäbi “eger-de baýrak maňa berilse, soňra ondan ýüz öwürmek maňa ýakymsyz bolardy” diýip ýazýar. Ýarnefelt bu geň-taň haýyşy ýerine ýetirýär. Şondan soň bu baýrak italýan şahyry Jozue Karduççi berilýär.