Şwesiýanyň “Scania” kompaniýasy elektrik energiýasy bilen işleýän ýük ulaglarynyň önümçiligini ýola goýar. Dünýäde ýük ulaglaryny öndürmekde öňdebaryjy kompaniýalaryň biri bolan “Scania” awtobus önümçiligi bilen hem meşgullanýar. Kompaniýa merkezi edarasynyň ýerleşýän Sýodertelýe şäherinde öndüriljek ýük ulaglary bir gezekki zarýady bilen 390 kilometr ýol geçer. Şwed kompaniýasy şeýle ulagy öndürjekdigini geçen ýylyň iýunynda mälim edipdi. Ulagyň ýük göterijiligi 64 tonna ýetýär. Ýük ulagynyň kuwwaty jemi bäş görnüşli 270, 300, 330, 360 ve 400 kW-lyk görnüşleri bolar.
Sýodertelýe şäherinde zawodda ýygnaljak ulaglara täze has güýçli batareýalar oturdylar.
Ýük göterijiligi 64 tonna ýetýän ýük ulagynyň nowaly hem-de tirkeg çekip bilýän iki görnü’i bolar. Olaryp kabinalary hem iki görnüşli bolar. Ulagyň bir gezekki zarýady bilen geçýän ýoly, ýüküniň agramyna, hiowanyň, ýoluň ýagdaýyna görä üýtgejekdigini mälim edilýär. Şeýle-de bolsa, 27 tonna ýüki bolan alty batareýaly ýük ulagy 350 kilometr ýol geçer. Bir sagatlyk zarýady bilen bolsa, 270 kilometr ýol geçer.
Bu ulaga geçen ýyl tanyşdyralanyndan bäri köp möçberde sargyt alnypdyr.
“Scania”-nyň ýük ulaglaryna Şwesiýanyň “Northvolt” kompaniýasynyň öndürýän adatdakylardan üç esse netijeli bolan elektroulag tehnologiýasy ulanylýar. Bu tehnologiýa bilen batareýalar ulanylan wagtyna we näçe gezek zarýad berlendigine garamazdan netijeliligini saklaýar.
Kamila Dawranbekowa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.