Kagyzdan, tagtadan we plastmassadan ýasalyp, zehiniňi kämilleşdirýän, pikirlenmegi ösdürýän dürli oýnawaçlardyr güýmenjeler bar. Şeýle oýnawaçlaryň biri hem pazzl bolup, bu oýnawajyň dürli ýaşdaky çagalara niýetlenen birnäçe görnüşi bar. Ilkinji pazzl 1763-nji ýylda Angliýada peýda bolýar. Surat mugallymy Jon Spilsberi çagalaryň geografiýa dersini has täsirli özleşdirmekleri üçin kartany emele getirýän pazzly ýasaýar. Agaç bölejiklerini ýerli-ýerine goýanyňda Beýik Britaniýa adasy emele gelýän bu karta ilkinji pazzl hasaplanypdyr. Jon Spilsberi 1767-nji ýylda bu kartanyň reňkli nusgasyny ýasadypdyr. Onuň asyl nusgasy häzirki wagtda Hannas kolleksiýasynda saklanýar we her şäher aýratyn reňkdäki tagtajykdan ýasalan. Spilsberi dürli şäherleriň we ýurtlaryň jemi 30 sany kartasyny döredipdir. Şol asyryň ahyrlarynda dürli görnüşli suratly pazzllar hem ýasalyp başlanypdyr.
Pazzl – dürli bölejikleriň birleşdirilmegi bilen emele gelen suratly tapmaça bolup, onuň çylşyrymlylyk babatda örän köp görnüşi bar. 50-den 3 müňe çenli bölekden ybarat pazzllar hem bar. Şeýle hem üç ölçegli, ýagny binalary emele getirip bolýan pazzllar bolýar. Mundan başga-da, her tarapyndan başga şekil emele getirip bolýan kubik görnüşli oýnawaçlar hem bar. Adaty pazzllar ýasalanda, ilki onuň daşy emele getirilse, içindäki bölekleri ýerli-ýerine goýmak aňsat bolýar.