Kyrkaýaga latynça «centipede» diýilýär. Ol «ýüz aýakly» diýmegi aňladýar. Köpaýaklylar maşgalasyna degişli bolan sary reňkli bu möjejigiň aýak sany babatda tapawutlanýan birnäçe görnüşi bar. Olar bir asyrdan gowrak wagt bäri ylmy taýdan öwrenilýändigine garamazdan ýylyň-ýylyna täze görnüşleri ýüze çykarylýar. Emma olaryň laýyk 40 ýa-da 100 aýaklysy ýok. Käbirlerinde azrak, käsinde bolsa, has köp. Bu mör-möjekleriň häzire çenli anyklananlarynyň diňe biriniň 96 aýagy bolup, ol aýak sany jübüt bolan ýeke-täk görnüş hasaplanýar. Ýagny onuň 48 jübüt aýagy bar. Beýleki kyrkaýaklaryň iň az aýaklysy 15, iň köpi bolsa 191. ABŞ-da tapylan «Illacme plenipes» atly kyrkaýakda laýyk 750 sany aýagyň bardygy anyklandy.
Adatça, kyrkaýaklaryň 62-70 aýagy bolup, topragyň 10-15 santimetr aşagynda ýaşaýarlar. Mör-möjekleriň bu görnüşi ýaprak we çüýrän ösümlik galyndylary bilen iýmitlenýär. Olar iýmitini çeýnäp ýuwudýarlar.