Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi Ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Ur­su­la fon der Lýa­ýen ag­za ýurt­lar­da 80 tö­we­re­gi wo­do­rod tas­la­ma­sy üçin döw­let ta­ra­pyn­dan be­ril­ýän 17 mil­liard ýew­ro­lyk gol­da­wa rug­sat be­ren­dik­le­ri­ni mä­lim et­di. Ol wo­do­rod yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len ös­ýän­di­gi­ni, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň wo­do­rod pu­da­gy­na gol­daw ber­mek üçin döw­let ta­ra­pyn­dan ma­ýa go­ýu­my­ny gö­nük­dir­me­giň, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň we hu­su­sy pu­dak bi­len tä­ze hyz­mat­daş­lyk­la­ryň üs­tün­de iş­le­ýän­dik­le­ri­ni mä­lim et­di. Şeý­le hem ol Ýew­ro­pa Wo­do­rod ban­ky­nyň il­kin­ji bäs­le­şi­gi­niň (ten­der) şu hep­de baş­la­jak­dy­gy­ny we Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň wo­do­rod tas­la­ma­la­ry­na gol­daw ber­mek üçin ýe­ke-täk “du­ral­ga” dö­re­dil­jek­di­gi­ni bel­le­di.
Mun­dan baş­ga-da fon der Lýa­ýen Ýew­ro­pa­nyň tu­tuş çä­gin­de köp san­ly şä­her­de il­kin­ji wo­do­rod ýan­gyç­ly aw­to­bus­la­ryň he­re­ket edip baş­lan­dy­gy­ny aýt­dy. Ge­ňe­şiň baş­ly­gy Rot­ter­dam por­tun­da 1000 ki­lo­metr­den köp ýe­ri eýe­le­jek wo­do­rod to­ru­nyň gur­lu­şy­gy­na baş­la­nan­dy­gy­ny, dün­ýä­niň su­wuk wo­do­rod bi­len iş­le­ýän il­kin­ji uça­ry­nyň hem bir­nä­çe hep­de ozal Slo­we­ni­ýa­da uçan­dy­gy­ny ha­bar ber­di.
Ge­ňe­şiň baş­ly­gy Ýew­ro­pa Ýa­şyl Yla­la­şy­gy­nyň çäk­le­rin­de dür­li gaz­na­la­ryň üs­ti bi­len wo­do­rod “jül­ge­le­ri­ne”, wo­do­rod ot­lu­la­ry­na we aras­sa po­lat za­wod­la­ry­na ma­ýa go­ýum gö­nük­di­ren­dik­le­ri­ni bel­le­di.
Fon der Lýa­ýen 800 mil­li­on ýew­ro­lyk Wo­do­rod ban­ky­nyň hu­su­sy pu­da­gyň ma­li­ýe müm­kin­çi­lik­le­ri­ni özü­ne çek­jek­di­gi­ni we gel­jek ýy­lyň ýaz aý­la­ryn­da umu­my ba­ha­sy 3 mil­liard ýew­ro ýet­jek ikin­ji bäs­le­şik­le­riň baş­la­jak­dy­gy­ny bel­le­di. Ol ban­kyň hal­ka­ra şa­ha­sy­nyň üs­tün­de hem iş­le­ýän­dik­le­ri­ni, mu­nuň da­şar­ky ön­dü­ri­ji­ler­den wo­do­rod im­por­ty­ny ke­pil­len­dir­jek­di­gi­ni aýt­dy.
Şeý­le hem fon der Lýa­ýen, Mü­sür, Ke­ni­ýa we Na­mi­bi­ýa ýa­ly bir­nä­çe ýurt bi­len wo­do­rod bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk yla­la­şyk­la­ry­na gol çe­ken­dik­le­ri­ni, bu ýurt­la­ryň aras­sa ener­gi­ýa ön­dür­mek we ony aras­sa wo­do­ro­da öwür­mek üçin müm­kin­çi­lik­le­ri­niň ýo­ka­ry­dy­gy­ny bel­le­di.