1877-nji ýylyň 24-nji noýabrynda iňlis ýazyjysy Anna Sýueliň bir atyň başdan geçirenleri barada gürrüň berýän «Gara gözel» atly çagalar romany çap edilýär. Dürli dillere terjime edilen bu eser awtoryň ýeke-täk eseridigine garamazdan, häzire çenli dünýäniň iň köp satylýan kitaplarynyň arasynda öňdäki orunlary eýeleýär. Kitapda janly-jandarlaryň ýagdaýy ýakyndan öwredilýär, adamlara we haýwanlara hoşniýetli garamak, hormat goýmak ündelýär.