Nusgawy kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň (1756-1791) soňky ýaşan öýi “Sotheby’s” söwda öýünde satuwa çykarylýar. Bu barada “New York Post” gazeti habar berdi.

Neşiriň maglumatlaryna görä, gürrüň bu ýewrfde Awstriýanyň Zemmering şäheriniň etegindäki Stuppah taryhy gala barada barýar. 1130-njy ýylda gurlan meýdany 2,5 müň inedördül metre deň bolan bu dört gatly binanyň içinde 50 otag bar. Hut şu mülk ýerinde-de Mosart özüniň “Ýas mukamy” atly iň ahyrky saz eserini ýazypdyr.

Häzir öý hususy eýeçilige degişli, ol öň 13,1 million dollar bahalanyp, satuwa çykarylypdyr. Öýi satyn almak üçin ýüztutmalar 1-nji dekabrdan kabul edilip başlanýar.