“30-njy noýabrda doktor Genri Kissinjer Konnektikutdaky öýünde aradan çykdy. Kissinjeriň yzynda 50 ýyl töweregi bile ýaşaşan aýaly Nensi Maginness galdy” – diýlip, “Kissinger Associates” guramasynyň beýanatynda bellenilýär.
1943-nji ýylda ABŞ-nyň raýaty bolan ýokary wezipeli diplomat Niksonyň we Forduň administrasiýalarynda işledi. 1977-nji ýylda wezipesinden çekilenden soň, Amerikanyň syýasatynda we halkara arenasynda möhüm şahsyýet bolup galdy.
Genri Kissinjer 1923-nji ýylyň 27-nji maýynda Germaniýanyň bawar şäheri Fýurtda ýewreý maşgalasynda dünýä inýär. Kakasy mekdep mugallymy, ejesi öý hojalykçydy. Olar 1938-nji ýylda ABŞ-a göçensoňlar, Germaniýada galan garyndaşlarynyň hemmesi Holokost döwrüniň pidasy bolýar.
Galyň äýnegi we ýogyn sesi bilen tanalýan Kissinjer “diplomatiýanyň grossmeýsteri” hasaplanýar. Kissinjer howpsuzlyk boýunça hünärmen hökmünde prezidentler Duaýt Eýzenhaueriň (1953-1961), Jon Kennediniň (1961-1963) we Lindon Jonsonyň (1963-1969) hökümetinde işledi. Ol 1961-1962-nji ýyllarda ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň maslahatçysy bolup işledi. 1961-1968-nji ýyllarda ýaragsyzlanmak we ýaraglara gözegçilik gullugy bilen hyzmatdaşlyk etdi.
Ol parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesidir.