Türk­me­nis­tan­ly tür­gen­ler Şri-Lan­ka­nyň Ko­lom­bo şä­he­rin­de ge­çi­ril­ýän çalt küşt bo­ýun­ça Gün­ba­tar Azi­ýa­nyň ýet­gin­jek­ler (ýa­şy 20-ä çen­li) çem­pio­na­tyn­da kü­müş we bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­du­lar.
7 tap­gyr­da ge­çi­ri­len ýa­ry­şyň düz­gün­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, her küşt­çi­niň her gö­çü­mi­ne 10 se­kunt goş­mak bi­len tu­tuş dö­we 15 mi­nut wagt be­ril­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Küşt fe­de­ra­si­ýa­syn­da ha­bar ber­li­şi ýa­ly, 7 oýun­da 5,5 utuk top­lan Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by We­pa­ly Hal­ly­ny­ýa­zow to­pa­ry­myz­da kü­müş me­dal ga­zan­dy. Hin­dis­tan­ly hal­ka­ra de­re­je­li us­sat G.Har­şa­ward­han hem şon­ça utuk ga­zan­dy, ýö­ne goş­ma­ça gör­ke­zi­ji­le­riň ne­ti­je­si­ne gö­rä, bi­rin­ji or­ny eýe­le­di.
Beý­le­ki bir il­de­şi­miz – Aş­ga­ba­dyň 117-nji mek­de­bi­niň okuw­çy­sy Aman­mu­ham­met Hom­ma­do­wyň soň­ky tap­gyr­dan öň 5 utu­gy bar­dy, ol jem­leý­ji döw­de Şri-Lan­ka­dan hal­ka­ra de­re­je­li us­sat Da Sil­wa­ny ut­sa, al­tyn me­dal eýe­läp bil­jek­di. Ýö­ne onuň gar­şy­da­şy­nyň tej­ri­be­si köp­räk bo­lan­soň, ol bü­rünç me­dal ga­zan­dy. Aman­mu­ham­met bol­sa 40 tür­ge­niň ara­syn­da 5-nji or­na düş­di.
Türk­me­nis­ta­nyň to­pa­ryn­da Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Dä­new et­ra­by­nyň mek­dep okuw­çy­sy Lä­le Şöh­ra­do­wa hem bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­dy. Ze­nan­lar to­pa­ryn­da 36 küşt­çi baý­rak­lar ug­run­da bäs­leş­di, il­de­şi­miz şo­la­ryň ara­syn­da müm­kin bo­lan 7 utuk­dan 5,5 utuk ga­zan­dy. Lä­le soň­ky tap­gyr­da ga­ra mal­lar bi­len oý­nap, ýa­ry­şyň çem­pio­ny, ga­za­gys­tan­ly, ze­nan­la­ryň ara­syn­da hal­ka­ra de­re­je­li us­sat, Lä­le bi­len du­şuş­maz­dan ozal 100% ne­ti­je ga­za­nan Zeý­nep Sol­tan­bek­den üs­tün çy­kyp, bü­rünç me­dal eýe­le­di. 6 utuk top­lan şri-lan­ka­ly Gu­na­war­da­na De­wind­ýa Oşi­ni ikin­ji or­na my­na­syp bol­dy.
In­di nus­ga­wy küşt bo­ýun­ça 9 tap­gyr­da me­dal­lar top­lu­my ug­run­da ýa­ryş ge­çi­ri­ler. Gün­ba­tar Azi­ýa­nyň ýet­gin­jek­ler çem­pio­na­ty 6-njy de­kabr­da blis ýa­ry­şy bi­len jem­le­ner.