1863-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda dünýäde ilkinji metro Londonda Paddington hem-de Farrington stansiýalarynyň arasynda açylýar. Metropolitan demir ýoly (Metropolitan Railway) ady bilen açylan ugur dünýäniň ilkinji metrosy hasaplanýar. Dünýäniň şol döwürlerdäki iri şäherleri hem şondan soňra London metrosyndan nusga alyp, ýerasty demir ýoluny gurýarlar. Ilkinji otly wagonlary agaçdan ýasalypdyr. Ýolagçy wagonlaryny bugly lokomotiwler çekipdir. 1884-nji ýylda şäher merkezi bilen şäherýaka ýerleriniň arasyndaky täze şaha açylýar. Şeýle hem metro degişli ösüşler hem ilkinji gezek Londonda durmuşa geçirilýär. 1890-njy ýylda metronyň Stokwell we King William şaýollarynyň arasyndaky böleginde dünýäniň ilkinji çuň elektrik ulgamy açylýar. 1905-nji ýylda ýerasty demir ýoluň esasy şahasy elektrik ulgamy bilen üpjün edilýär. 1908-nji ýylda häzirki wagtda Angliýanyň hem-de Londonyň simwolyna öwrülen “Undergroung” nyşany ilkinji gezek tanyşdyrylýar. Häzirki wagtda dünýäniň ähli metrolarynyň öz nyşanlary bolup, olar ýerasty bekediň girelgesinde ýerleşdirilýär. 1911-nji ýylda ilkinji gezek eskalator oturdylýar. 1933-nji ýylda metronyň ilkinji kartasy taýýarlanýar. 1952-nji ýylda alýumin wagonlar ulanmaga berilýär. 1971-nji ýylda bugly lokomotiwler soňky gezek ulanylýar.

Häzirki wagtda London metrosynda 270 stansiýa bolup, umumy uzynlygy 400 kilometre ýetýär. Bu babatda Şanhaý metrosyndan soňra dünýäde ikinji ýerde durýar. Her ýylda 1,5 milliarda golaý ýolagçy gatnadýan jemgyýetçilik ulag ulgamy bu babatda dünýäde 11-nji ýerde durýar. Ýeri gelende bellesek, metro beketlerinde tölegsiz gazet we žurnallar hem paýlanýar.
Şu ýyl metronyň açylanyna 160 ýyl dolýar.