1954-nji ýylyň 25-nji aprelinde ABŞ-nyň “Bell” laboratoriýasy hakyky durmuşda ulanmaga niýetlenen ilkinji Gün öýjügini, ýagny şöhleden elektrik energiýasyny alyp bolýan tehnologiýany tanyşdyrýar. Bu usuly Kelwin Fýuller, Daril Çapin we Gerald Pirson dagy oýlap tapypdyrlar.
Günden şöhlesinden elektrik energiýasyny almak ilkibaşda emeli hemralarda, ýagny kosmosda ulanyldy. Häzirki wagtda hem dürli kosmos enjamlarynda, kosmos beketlerinde we beýleki planetalary ugradylýan robotlarda iň ýokary öndürijilikli Gün panellerinden peýdalanylýar.
Birnäçe ýyldan bäri bolsa, dünýäniň dürli ýurtlarynda Gün panelleri elektrik energiýasynyň esasy çeşmesi hasaplanýar. Günden energiýa almak daşky gurşawa zyýansyz iň arassa usullaryň biridir.
Suratda: Gün panelleri bilen enjamlaşdyrylan “Explorer 6” emeli hemrasy. Gün panelleri 1959-njy ýylda uçurylan emeli hemrany birnäçe aýlap energiýa bilen üpjün edipdir.