Gyş paslynda duş gelýän hadysalaryň biri hem ümür bolup, oňa «Ýerdäki bulut» hem diýilýär. «Bulutlaryň arasynda ýöremegi» köpler halaýan hem bolsa, dumanly howa ýol-ulag hereketlerinde dürli päsgelçilikleri döredýär. Eýsem, bu hadysa nädip emele gelýär?
Suw bugy ýa-da gaz görnüşindäki suw damjalary ýygnanyp dumany emele getirýär. Duman howadaky çyglylyk güýçlenende ýüze çykýar. Bu hadysanyň emele gelmegi üçin tozanly howa, şeýle hem suw damjalary gerek. Gyş paslynda duman köplenç gijelerine emele gelip, Gün çykyp, howanyň ýylamagy bilen ýitip gidýär. Şemala we howadaky çyglylyga baglylykda duman gysga we uzak wagtlyk, ýukarak hem-de galyňrak görnüşde döräp bilýär. Dünýäniň birnäçe ýurdunda dumandan içimlik we ekerançylyk üçin suw alynýar.