Ýa­po­ni­ýa­nyň Sap­po­ro şä­he­rin­de gar fes­ti­wa­ly ge­çi­rilýär. Ýur­duň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky gar­dan we buz­dan ýa­sa­lan äpet heý­kel­le­ri gör­mä­ge köp myh­man bar­ýar. Hok­kaý­do pre­fek­tu­ra­syn­da­ky şä­her­de her ýyl­da ge­çi­ril­ýän bu tä­sin gyş­ky çä­re 74-nji ge­zek gu­ral­ýar. Şä­he­riň mer­ke­zin­dä­ki Odo­ri se­ýil­gä­hin­de gu­ral­ýan çä­re pan­de­mi­ýa­dan soň­ra il­kin­ji ge­zek çäk­len­dir­me bol­maz­dan gu­ral­dy. Bu ýer­dä­ki heý­kel­le­ri ýer­li ýa­şaý­jy­lar we heý­kel­ta­raş­lar ýa­sa­dy­lar. Her ýyl­ bu heý­kel­le­ri gör­mä­ge 2 mil­li­on tö­we­re­gi myh­man bar­ýar. 2021-nji we 2022-nji ýyl­lar­da on­laýn gör­nü­şin­de gu­ra­lan fes­ti­wal ge­çen ýyl ki­çi gör­nüş­de gu­ral­dy. Fes­ti­wal 11-nji few­ra­la çen­li do­wam eder.