Sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny­ny 70 mil­lio­na ýe­ti­rer

53

Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň sy­ýa­hat­çy­lyk mi­nist­ri Ah­med Al-Ha­tib ge­çen ýyl da­şa­ry ýurt­lar­dan 27 mil­li­on ja­han­keş­de ka­bul eden­dik­le­ri­ni bel­le­di. Içer­ki sy­ýa­hat­çy­ly­gy hem ha­sa­ba ala­nyň­da ýurt­da sy­ýa­hat­çy­la­ryň umu­my sa­ny 100 mil­li­on­dan ge­çip­dir. Sa­ud Ara­bys­ta­ny 2030-njy ýy­la çen­li da­şa­ry ýurt­ly sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny­ny iki es­se­den gow­rak art­dy­ryp, 70 mil­lio­na ýe­tir­me­gi mak­sat edin­ýär. Ýur­duň sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­nyň we­kil­le­ri mun­dan ozal 2030-njy ýyl­da 30 mil­li­on da­şa­ry ýurt­ly sy­ýa­hat­çy­nyň gel­me­gi­ne garaşýardylar. Bu gör­ke­zi­jä has ir ýe­til­jek­di­gi göz öňünde tutulyp, ony iki es­se­den gow­rak art­dyr­ma­gy mak­sa­da­la­ýyk ha­sap­lap­dyr­lar. Sa­ud Ara­bys­ta­ny gir­de­ji­si­ni di­ňe ne­bit-gaz­dan däl-de, baş­ga ugur­lar­dan hem alyp, di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak is­le­ýär. Ýur­duň Gy­zyl deň­ziň ke­na­ryn­da­ky dynç alyş ýer­le­ri sy­ýa­hat­çy­lar üçin uly müm­kin­çi­lik hö­dür­le­ýär.

Aýgül Hajynazarowa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň derňewçisi, TKAMM-nyň agzasy.