Saud Arabystanynyň syýahatçylyk ministri Ahmed Al-Hatib geçen ýyl daşary ýurtlardan 27 million jahankeşde kabul edendiklerini belledi. Içerki syýahatçylygy hem hasaba alanyňda ýurtda syýahatçylaryň umumy sany 100 milliondan geçipdir. Saud Arabystany 2030-njy ýyla çenli daşary ýurtly syýahatçylaryň sanyny iki esseden gowrak artdyryp, 70 milliona ýetirmegi maksat edinýär. Ýurduň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri mundan ozal 2030-njy ýylda 30 million daşary ýurtly syýahatçynyň gelmegine garaşýardylar. Bu görkezijä has ir ýetiljekdigi göz öňünde tutulyp, ony iki esseden gowrak artdyrmagy maksadalaýyk hasaplapdyrlar. Saud Arabystany girdejisini diňe nebit-gazdan däl-de, başga ugurlardan hem alyp, diwersifikasiýalaşdyrmak isleýär. Ýurduň Gyzyl deňziň kenaryndaky dynç alyş ýerleri syýahatçylar üçin uly mümkinçilik hödürleýär.
Aýgül Hajynazarowa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň derňewçisi, TKAMM-nyň agzasy.
PDF









