Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň wekili, kinorežissýor Sahysalyh Baýramow hormatly myhman hökmünde 1-nji fewraldan 11-nji fewral aralygynda Tähranda geçirilen 42-nji Fajr halkara kinofestiwalyna gatnaşdy.
Fajr iri kinofestiwaly her ýyl Eýran Yslam Respublikasynyň Milli baýramy – Ynkylap güni mynasybetli geçirilýär.
Şu ýyl festiwala has köp – 87 ýurtdan 621 adam gatnaşdy. Bäsleşigiň jemi «Sodaye-Simorgh» (festiwalyň esasy bäsdeşlik bölümi), «Täze perspektiwa» (ýaş režissýorlar) we «Animasiýa» ýaly üç ugurdan ýeňijiler kesgitlenildi.
Forumyň dowamynda daşary ýurtlaryň kinopudaklarynyň wekilleri kinematografiýanyň ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem geljekki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine garadylar.
Geçen ýyl Hazar Halkara kinoforumynda Russiýanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň we Türkmenistanyň kino pudagynyň işgärleri Hazar sebitiniň ýurtlarynda kino bilimi temasynda tegelek stol geçiripdiler. Forumyň netijeleri boýunça umumy medeni giňişligi saklap galmak we berkitmek, bilelikdäki film taslamalaryny döretmek, kinematografiýa pudagynda, şol sanda kino önümçiliginde, kino bilimi we ýaş hünärmenlere goldaw bermek ýaly iň oňat tejribe alyşmak barada rezolýusiýa kabul edildi.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm